Bagt hakynda her kimiňem öz pikiri, şahsy garaýşy bar. Ýöne aglaba adamyň aňyna bagt diýlende, ilkinji nobatda, baldan süýji balalar gelýär. Şonuň üçin hem bagtymyzyň kepili bolan ýaşajyk körpelerimiziň saglygy — ýurdumyzyň baş aladasy. Körpe nesillerimizi milli ruhda sagdyn şahsyýet edip ýetişdirmekde bolsa ilkinji ädim mekdebe çenli çagalar edaralaryna degişli. Bu ugurda ençeme ýyldan bäri yhlasly zähmet çekýän halypa mugallymlaryň biri-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi, zähmet weterany, Aşgabat şäherindäki 6-njy ýörite çagalar bagynyň dil düzediş mugallymy (logoped) Altyn Çaryýewa. Mugallymyň zähmet ýoly bilen tanyş bolanymyzdan soň, ýaş hünärmenlere görelde bolar diýen umytda halypa bilen söhbetdeş bolmagy göwnelaýyk hasapladyk.
«Logopediýa» ylmy hakynda gerekli maglumatlary öwrenip, fotosuratçymyz bilen söhbetdeşimiziň zähmet çekýän edarasyna ýol aldyk. Bilen ýaly, gahrymanymyzyň ýakynda neşirden çykan täze gollanma kitabyna bagyşlanan tejribe maslahatynyň üstünden baraýdyk. Dem salymlyk saglyk-amanlyk soraşmadan soň, halypa özüniň ömür ýoly bilen bagly gürrüňe başlady: