Mekdep okuwçylarymyz Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Çagalaryň birinji Delfiý oýunlaryna gatnaşdylar. Bu halkara bäsleşik şu ýylyň 30-njy sentýabry we 5-nji oktýabry aralygynda geçirildi. Ol şu ýyl ilkinji gezek 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralyp, 8 döwletden jemi 500-den gowrak çagany garşylady. Oňa ýurdumyzdan zehinli çagalaryň 12-si gatnaşyp, bäsleşikde fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek hem-de şekillendiriş sungaty boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu 6 ugur boýunça zehinli okuwçylarymyz çykyş edip, bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Netijede, olaryň 8-si baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. Hususan-da, Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Leýli Jepbarowa halk aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça 1-nji orny eýeläp, altyn medala, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milara Tahyrjanowa skripka hünäri boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala, Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Muhammet Ýaranow şekillendiriş sungaty boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de bäsleşigiň estrada aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Babagylyç Annaçaryýew, fortepiano, skripka, akkordeon hünärleri boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary Bägül Muhammetgulyýewa, Aýlar Baýramowa, Aýly Ahmedow we Akmuhammet Nurýagdyýew ýörite diplomlar bilen sylaglandy.
Olar Çagalaryň birinji Delfiý oýunlarynyň ýapylyş dabarasyndaky konsertde beýleki döwletleriň ýaş zehinleri bilen bilelikde täsirli çykyşlary etdiler. Bu halkara bäsleşik aýdym-saz we şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmekde hem-de ýaş sazandalaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde täze ädim boldy.