Bu erteki däl, hakykat!

9 Oktýabr 2024
655

(Hekaýa)

Ýaňy many aňlap başlan çaga mahallaryndan ejesi Tawus daýza oňa her dürli ertekileri, rowaýatlary, hekaýatlary aýdyp bererdi. Soňra özbaşdak ertekili kitaplary okamagy arzuw edýän Bossanjyk çagalar bagyndaky deň-duşlaryndan harplary okamakda saýlanypdy. Bu özboluşly gyzjagaz mekdepde edebiýat dersi bilen has-da gyzyklanýar. Okalan täsin ertekilerden «ýüki ýeten» Bossanyň öz hyýaly dünýäsinde gyzykly kitaplardaky gahrymanlary hakydasynda janlandyrmagy, ertekilerdäki owadan bag-bakjaly şäherlerdir kentlere seýran etmegi halaýardy.

Merjen NEPESOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.