Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr.
Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar sanardan köp. Olar halkymyzyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýär. «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok...», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»... ýaly nakyllaryň hem süňňüni halkyň agzybirlik taglymaty düzýär. Çünki agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy.