Mukam ilkinji kakuwdan başlanýar

9 Oktýabr 2024
493

Sazyň ilkinji notalaryndan kalbyň heýjana gelibermesi nämedenkä?! Pianinonyň ilkinji düwmesi basylan badyna ýüregiň jigläbermesi, dutaryň ilkinji kakuwyndan köňül tarlaryň çirtilibermesi näme sebäpden?! Muňa hergiz aň ýetirip bilmersiň, hiç kim düşündirip hem bilmez. Sebäbi gudrata akyl ýetirip bolmaýar, ony diňe duýmak gerek. «Aýdym-saza gudrat» diýseň, kim muňa garşy çykar?! Eýsem, bu gudrata neneň melul bolmajak?! 

Daşoguz welaýatyndaky çagalar sungat mekdebine gadam basan badyňa özüňden bidin saz bilen bagly şeýle pikir-duýgulara berleniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu ojak myhman bolup geleni saz bilen garşylaýar. Aýdym-saz mekdebiň ähli künjeginde ýaňlanýar. Şol sebäpden birbada «bu ýerde diwarlar hem owazlanýan bolaýmasyn» diýen pikir döreýär. Şol mahal meşhur nemes ýazyjysy Žan Poluň: «Saz — bu howadaky şygryýet» diýen ganatly jümlesi ýadyňa düşýär.

Gurban GURBANOW,
žurnalist. Surata düşüren Atažan ODAÝEW.