"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Toý sowgady

Mähriban çagalar! Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mermer paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem uludan toýlarys. 1. Bu baýramçylyklara nähili sowgatlar taýýarlaýarsyňyz?2. Arkadagly Watanymyza bolan buýsanjyňyzy okyjylar bilen paýlaşsaňyz!

Ertekiniň hakykata öwrülişi

Gatnaşýarlar: Dana baba, Akpamyk, Akpamygyň ýedi dogany, Ejekejan, Baýmyrat. Dana baba:

Eşek we öküz (Türkmen halk ertekisi)

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir daýhanyň iki sany öküzi bar eken. Bu daýhan her ýyl özüniň çöp-çalamly gaty ýerini şol öküzleri bilen sürüp, arpa-bugdaý, gawun-garpyz ekýär eken. Emma daýhan ýer sürýän wagtlary eşegini işletmäge eli degmänsoň, eşek ýatakda dynç alyp, boş ýatan eken.

Gül zehinli Gülnabat

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji synp okuwçysy Gülnabat Annanurowa göreldeli, aýratyn zehinli çagalaryň hatarynda tanalýar. Onuň zehin kämilliginiň artmagyna uly dogany, ady agzalan mekdebiň nakgaşçylyk bölümini tapawutly bahalar bilen tamamlan Rahym Annanurow uly täsirini ýetirýär. Agasy surat çekende, ýanyndan aýrylman synlap gezen gyzjagaz, häzirki döwürde bile okaýan deň-duşlaryna nusgalyk döredijiligini görkezýär. Ol hünär mugallymy Batyr Çaryýewden şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny yhlas bilen öwrenýär. Natýurmort, mowzuklaýyn taslama ýaly işlerinde hem-de tebigata çykyp ýerine ýetirilýän eserleriň ählisinde ýaş zehiniň şekillendiriş sungatyna bolan uly höwesi aýdyň şöhlelenýär.

Sungat basgançaklary bilen öňe!

Sungata we döredijilige uly üns berilýän bagtyýar zamanda eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işlerini wasp edip, özleriniň ýürek buýsanjyny aýdym-saza siňdirýän ýaşlaryň sany az däl. Şolaryň biri hem Adylşa Tagandurdyýewdir. Sungata höwesli Adylşa körpelikden aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Kakasy oglunyň zehinini açmak üçin kän zähmet siňdiripdir. Şonuň üçin hem Adylşa kakasyny ilkinji halypasy hasaplaýar we onuň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde üstünlik gazanmagy arzuw edýär. Adylşa ikinji synpda okaýan döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde birinji orny eýeleýär. Ilkinji üstünligi ony has-da hyjuwlandyrýar we onuň çagalar sungat mekdebinde okuwyny dowam etdirmegine sebäp bolýar. Bu ýerde ol fortepianodan sapak alyp başlaýar. 2014-nji ýyldan başlap, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň halk saz gurallary bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Adylşa akkordeon saz guraly boýunça halypa mugallymlary Öwezmyrat Amanmyradowyň, Aknur Hojagurbanowanyň we Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gülşat Ödenyýazowanyň ýolbaşçylygynda «Güneş» çagalar hor toparynyň düzüminde birnäçe döwlet çärelerine gatnaşdy. Häzir bolsa Halk saz gurallary bölüminiň «Joşgun» akkordeonçylar toparynda ukypdyr zehinini taplaýar.

Kitap täsinlikleri

Ki­tap­lar ba­ra­da tä­sin hem gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar örän köp. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da belläp geçeliň: Ams­ter­dam­da sak­la­nyl­ýan «De­ňiz düz­gün­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy» at­ly ki­tap göwrümi taýdan iň uly kitap ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ki­ta­byň daş­ky öl­çe­gi bo­ýun­ça ini bir metr, be­ýik­li­gi iki metr, ga­lyň­ly­gy bol­sa bir ýa­rym met­re deň­dir. Dün­ýä­dä­ki iň agyr ki­tap, Şwe­si­ýa­nyň paýtagty Stok­golm­da­ky Mil­li ki­tap­ha­na­syn­da sak­la­nyl­ýan «Uly Ko­dek­s» di­ýil­ýän ki­tap­dyr. Umu­my ag­ra­my 75 ki­log­rama deňdir.

Durnalar

Gökde uçup barýan durnalary görmek ynsana özboluşly duýgy bagyşlaýar. Her gezek göreniňde, sazlaşyp çykýan «gyrruw-gyrruw» seslerini, toýnuk şekilli hataryny haýran galman synlamak mümkin däl. Halkymyz durnalar hem-de olaryň göçi hem uçuşy bilen köp durmuş wakalaryny, ýagny gözellik, agzybirlik, sag-aman yzyňa dolanmak, bir başa bakmak ýaly ýagdaýlary baglanyşdyrýarlar. Biz durnalaryň hataryny her ýylda iki sapar görýäris. Ol durnalaryň göç uçuşlary bolmak bilen, güýzde — yssy ülkelere göçüşi, baharda ýene-de dolanyp gelşi bilen baglanyşyklydyr. Durnalar guşlaryň diýseň täsin görnüşleriniň biridir. Olar guşlar maşgalasynyň durna şekilliler toparyna degişli bolmak bilen, örboýuna duran mahaly boýy 90-115 santimetre ýetýär. Iň iri durna hasaplanýan ak durnalaryň agramy 10 kilograma çenli bolup, ganatynyň gerimi 200-260 santimetre, boýy 120-140 santimetre ýetip bilýär. Durnalaryň guýrugy kelte bolýar. Olar aglaba açyk meýdanda, sähra ýerlerinde, suwly ýerlerde ýaşap, däne, ot, miweler bilen iýmitlenýärler. Durnalaryň täsin bir gylygy bardyr. Synçy awçylaryň gürrüň bermegine görä, haçanda olar topar bolup gije-girim suwly ýere gonanlarynda, olaryň biri «nobatçylyk» çekip, çüňkünde kiçijik daşjagazy saklaýar. Eger-de, ýaş, jüýje durnalaryň biri çala irkiläýse, jürnügi daşly durna saklap duran daşjagazyny suwa gaçyrýar. Jülpüldäp suwa düşen daşjagazyň sesine irkilen ýaş durna oýanýar

Owadan şekiljikler (Özüň ýasa)

Gerekli esbaplar: Kagyz bulgurjyklar, reňkli galam, flomaster ýa-da akwarel, reňkli kagyz, sim, ýelim.

Peýnirli gyzdyrma (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler: 1 sany baton çörek, 120 gram peýnir, 2 çemçe gaýmak, 20 gram mesge.

Taýajykly süýjülikler (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler 200 gram un, 2 çaý çemçesi kakao, 3 nahar çemçesi bal, 70 ml ösümlik ýagy, 250 ml suw, 5 çemçe şeker, 1 çaý çemçesi wanilin, 1,5 çaý çemçesi hamyrtozy, 90 gram şokolad.

Sokratyň «Üç elegi» (Tymsal)

Bir adam Sokrata şeýle diýipdir: — Bilýäňmi, dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi?

Gyzykly oýundan gyzykly çempionata

— Ine, se­rediň, şu aty­zy gör­ýäň­izmi? Şunuň da­şyn­dan kim bi­rin­ji aý­la­nyp gel­se, şo­lam ýe­ňi­ji bol­ýar. Düş­nük­li­mi? Ha­ny, on­da, ki­miň we­lo­si­pe­di­ne göw­ni ýet­ýän bol­sa, geç­sin ha­ta­ra! Özü­miz­den bir­ki ýaş uly, eka­byr­rak og­lan­la­ryň mu­ny diý­dik­le­ri bes, to­zan tur­zup ýa­ry­şa go­şu­lar­dyk. Oba ýer­le­rin­de ýö­re­mä­ge (di­ňe ýö­re­mek hem däl, ýa­ryş­ma­ga) wer­ziş eden we­lo­si­ped­ler-de, ga­raz, gör­ke­zi­len aty­zyň da­şyn­dan bir ge­zek öw­rüm edip gel­ýän­çäk, alyp çy­kar­dy. Ýe­ňi­ji bo­lup, begenenim ýa­dy­ma düş­me­se-de, şol ýa­ryş­la­ra kän-kän ge­zek gat­na­şa­nym ha­ky­dam­da. Şeý­le hö­wes­jeň ýa­ryş­lar hä­zi­rem bar­dyr-la! Bi­ziň oba­myz­da­ky ça­ga­lar-a ýa­ryş­ýar şeý­dip. Ýö­ne, bu ýa­ry­şyň spor­tuň bir gör­nü­şi­di­gi­ne ula­la­ny­myz­dan soň dü­şü­nip gal­dyk. Häk, şol wagt­lar çy­ny­my­zy eden bol­sak, her bi­ri­miz­den we­los­port bo­ýun­ça tür­gen çy­kyp bil­jek eken.

Ýeňiş ýaranyň bolsun!

Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gadam Köşiliýew geljekde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler gazanmagy maksat edinýän ýaşlaryň biri. Sportuň Welotrek görnüşi bilen gyzyklanýan bu ýetginjek öz arzuwlarynyň yzyna düşüp, 2018-nji ýylda paýtagtymyzyň Köpetdag stadionynda tälim berýän Myrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda türgenleşmäge başlaýar. Türgenleşige ýaňy başlan ýetginjek 2018-nji ýylyň 26-njy awgustynda 40 kilometr aralygy geçmek boýunça geçirilen Aşgabadyň birinjiliginde üçünji orny eýelemegi başardy. Şol ýylyň 27-nji oktýabrynda Welosport boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 15 km aralygy ýekelikde geçmek boýunça ýetginjekleriň arasynda birinji orna mynasyp boldy.

Gyzykly sowallar

Ahmet: «Meniň oglan jigilerimiň sany bilen gyz jigilerimiň sany deň» diýdi. Onuň gyz jigileriniň biri bolsa: «Meniň oglan doganlarymyň sany gyz jigilerimiň sanynyň 3 essesine deň» diýdi. Maşgalada näçe ogul, näçe-de gyz perzent bar?

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan at hakyndaky nakyllar:

Aty baryň ganaty bar, ogly baryň — döwleti. * * *

Jübütmi — täk? (Oýun)

Oýun iki çaganyň arasynda oýnalýar. Olaryň hersi birnäçe daşjagaz ýa-da şänik alýar. Ilki sanawaç sanalyp bije atylýar, kimiň bijesi çyksa, ol gysymynda birnäçe daşy (ýa-da şänigi) saklap: «Jübütmi-täk?» diýip, ýoldaşyna ýüzlenýär. Eger, ýoldaşy «täk» diýse, daşjagazlaram jübüt çyksa, jogap beren oýunçy ýoldaşyna bir daş berýär. Eger, dogry bilse, onda ýoldaşynyň gysymyndakylarynyň hemmesini alýar we oýna täzeden başlaýar. Kimiň daşjagazy ýa-da şänijegi öň gutarsa, şolam utuldy hasap edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan dürdäne jümleler

Ene hakyndaky müdimi sena çalymdaş şygyr setirlerinde aýdylyşy ýaly, «Dünýäniň bar görki enedir, ene!». Dünýäniň görki, örki, durky — bularyň barysy — ENE! ***

Käbäm

Seni küýsäp geldi ýazlar,Sen — dünýämiň ýazy, käbäm!Daşyňdadyr ogul-gyzlaň,Gül göwnümiň çagy, käbäm! Jan diýsem, janymdan eziz,Sen dünýe barymdan eziz!Sowgadyňdyr işbu Zemin,Sen — durmuşyň duzy, käbäm!

Garaşsyzlyk: Taryhyň bagtyýar döwri

Garaşsyzlyk baýramy — toý-baýramlaryň seresi, ol il-ýurduň sowulmaz ýaz ýaly bagtynyň güwäsi. Bu baýramçylygy her ýyl uly dabaralar bilen belleýäris. Bu ýyl bolsa ony «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky garşy alşymyz has-da üýtgeşik. Sebäbi bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl bolan asuda ýaşaýşyň, erkana zähmetiň we abadan ösüşleriň ýakymy il-ýurt bagtyýarlygynyň binýady bolup, göwnümize ganat berýär. Bu gün Garaşsyzlygyň eçilýän miweleri il ykbalynyň asyl manysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz sanlyja ýylyň içinde Garaşsyz ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykardy. Ýurdumyzyň paýtagty, ähli etrap-şäherlerimiz, obalarymyz tanalmaz derejede özgerdi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk, parahatlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýar.

Sag bol, eziz Arkadag!

Waspyn edip WatanyňBu gün saýraýar dilim.Garaşsyz, gül DiýardaŞat geçýär aýym-günüm. Ösýäris, boý alýarys,Zamana owaz goşup.Göýä bagyň bilbili,Saýraýyp, heňler joşup.