Garaşsyzlyk baýramy — toý-baýramlaryň seresi, ol il-ýurduň sowulmaz ýaz ýaly bagtynyň güwäsi. Bu baýramçylygy her ýyl uly dabaralar bilen belleýäris. Bu ýyl bolsa ony «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky garşy alşymyz has-da üýtgeşik. Sebäbi bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl bolan asuda ýaşaýşyň, erkana zähmetiň we abadan ösüşleriň ýakymy il-ýurt bagtyýarlygynyň binýady bolup, göwnümize ganat berýär.
Bu gün Garaşsyzlygyň eçilýän miweleri il ykbalynyň asyl manysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz sanlyja ýylyň içinde Garaşsyz ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykardy. Ýurdumyzyň paýtagty, ähli etrap-şäherlerimiz, obalarymyz tanalmaz derejede özgerdi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk, parahatlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýar.