"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Çagalar neşirleri hakynda

Çagalar üçin niýetlenen neşirleriň biri bolan žurnallar döredijilikli çemeleşmäniň, dürli oý-pikirleriň çeşmesi bolup, çagalara täze dost tapynmaga, okamak islegini döretmäge, bilimler dünýäsine aralaşmaga, özüni uly adamlar hökmünde duýmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, žurnallarda berilýän oýunlar we gyzykly maglumatlar çagalarda sabyrlylygy, zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Olaryň pikirleniş ukybynyň ösmegine kömek edýär. Žurnallar belli bir ýaş aralygyndaky mekdep ýaşyna ýetmedik körpejeler üçin, çagalar we ýetginjekler üçin, gyzjagazlar we oglanjyklar üçin niýetlenilýär. Geliň, dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalar üçin niýetlenilip, neşir edilýän žurnallar bilen tanşalyň! «Мурзилка» žurnaly 1924-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynda çap edilýär. Ol 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenip, aýda bir gezek çap edilýän edebi-çeper žurnaldyr. Žurnalyň ady çaga eserleriniň ýazyjysy A.A.Fýodorow-Dawydowyň eserlerindäki gahryman – güjüjek Murzilkanyň lakamy bilen baglanyşykly. 2011-nji ýylda bu žurnal iň uzak wagt bäri çap edilýän çagalar neşiri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Çagalygyň şat çaglary

Halypa kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyň 1984-nji ýylda surata düşüren «Ýaşyl adanyň syry» atly çeper filmi tebigat gözellikleri bilen bagly bolup, esasan, çagalaryň durmuşyndan söhbet açýar. Bu filmde Selimiň keşbini janlandyran Merdan Döwletow häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň «Merdana» orkestrinde sazanda bolup işleýär. Merdan Döwletow diňe bir saz çalmak bilen çäklenmän, birnäçe ýakymly aýdymlaryň sazyny döreden zehinli kompozitor hökmünde hem tanalýar. Onuň döreden sazlaryna Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň ýerine ýetirýän «Ýagýar ýagyş», «Aýperi», «Geregim», «Sen gerek», «Kepderi», «Türkmenistan» we başga-da birnäçe aýdymlary «Türkmen owazy» teleýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berilýär. Ýakynda söhbetdeş bolanymyzda, ol çagalyk ýatlamalary bilen bagly şeýle gürrüň berdi: — Çagalaryň tebigata söýgüsini ösdürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak barada düşünjelerini artdyrmak maksady bilen döredilen «Ýaşyl adanyň syry» atly filme surata düşenimde 12 ýaşymdadym. Şol wagtlar häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano bölüminde okaýardym. Filmde maňa Selimiň keşbini, «Gorkak batyr» filmindäki Çamanyň keşbi bilen tanalýan Begenç Gurbandurdyýewe bolsa Myradyň keşbini janlandyrmak ynanyldy. Çaga bolamyzsoň, kino düşmegiň düzgünlerine-d

Ýaňyltmaçlar

Çarynyň çatmasynyň çetinden çal çekirtge çekräp çykdy. Çary çal çekirtgäniň çetinden çekip çatmadan çykdy. ***

Kitaphanalar hakynda gyzykly maglumatlar

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän bu ajaýyp kitaphana1935-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin çagalar kitaphanasynda kitaplaryň elektron görnüşleriniň kataloglary we audiokitaplaryň ýörite ýygyndylary-da jemlenendir. Jemi 16 müňden gowrak okyja hyzmat edýän bu kitaphanada türkmen, rus, iňlis, nemes dillerindäki kitaplar bar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda mekdebe çenli çagalara we 1 — 3-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm kiçi ýaşly çagalara terbiýeçilik ähmiýetli kitaplary we kitapçalary hödürleýär. 4 — 12-nji synp aralygyndaky okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, zehinlerini kämilleşdirmek, şeýle-de çeper edebiýat bilen gyzyklanmaklary üçin jemlenen ýörite kitap tekjelere baýdyr.

Hany, oýlan, pikirlen!

Kim aty hem, pili hem ýeke elinde galdyryp bilýär? ***

Balary

Her gün turup,Säher bile.AýlanýarynGülden-güle. Men çar ýana,Wyz-wyzlaýyp.Gezýän mydamGül gözleýip.

Matallar

Jany-da ýok, dili-de ýok,Sorasaň habar berýär. ***

«Aşgabat bahary» ady bilen geçirilen kinofestiwalyň ýeňijileri

«Aşgabat bahary» ady bilen geçirilen kinofestiwalyň ýeňijileri Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Isgender REJEPOW hem-de Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Enaý EÝEBERDIÝEWA

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan dürdäne jümleler

Aşgabat şäheri — döwrebaplygyň nusgasy. ***

Halkymyzyň ebedilik nyşany

Halk pähim-paýhasynda «Adam edebinden tanalar, döwlet — Baýdagyndan» diýilýär. Baýdak düşünjesi biziň her birimizde ýakymly duýgulary döredýär. Pederlerimiz nesillere watançylyk terbiýesini berenlerinde mukaddesligiň, ilkinji nobatda, ene toprakdan, ata Watandan başlanýandygyny aýdypdyrlar. Şulardan görnüşi ýaly, Watanymyzyň döwlet nyşany bolan Baýdak bu gün biziň üçin hem milli buýsanç, hem milli mertebe hem-de mukaddeslikdir.

Aziýanyň dür-merjeni

Danalar aýtmyşlaýyn, her bir päk niýetli ynsanyň gazanan iň uly ýeňşi onuň watansöýüjilik duýgusyndan gözbaş alýar. Biziň üçin ene-ata, çaga, dogan-garyndaş ýaly ýakynlarymyz näçe mähriban bolsa-da, olara bolan söýgimiziň kökleri Watan mukaddesliginiň çeşmesinden ganmasa, tebigy güýç-kuwwatyny gorap-saklap bilmez. Çünki Watan — adamyň mizemez daýanjy, polat erki, sarsmaz ynanjy. Türkmen halkynyň ýüregindäki bu mukaddes duýgy ýurdumyzyň Döwlet senasynda: «Halkyň guran Baky beýik binasy» diýlip ebedileşdirilendir.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

Mähriban ýurdumyz Türkmenistanyň adynyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolanyna şu ýyl otuz ýyl bolýar. Mundan otuz ýyl ozal bolup geçen waka — ýurt garaşsyzlygynyň yglan edilen senesi hiç mahal unudylmaz. Öz akylymyza, öz güýjümize daýanyp amala aşyrmaly ýene örän köp işlerimiziň şondan soň başlanandyr, bu işler taryhy işlerdir. Iňňän jogapkärli işler! Örän uly paýhasy, örän ýokary başarjaňlygy talap edýän işler! Halkyň hem ýurduň ykbalyna gös-göni dahylly işler! Halkyň hem ýurduň ykbalyny belende göterýän işler! «Garaşsyzlyk» sözüniň dilimizde aýratyn orny bar. Biz bu sözi dilimizden düşürmeýäris. Oňa hemişe-de mukaddes söz hökmünde garap gelendiris. Garaşsyz ýurduň gujagynda bu sözüň örän giň, örän çuň manysyna barha aýdyň göz ýetirilýär.

Gözel kalbyň mukamy

Türkmen halysy — çeper elli türkmen zenanlarynyň ýiti zehininiň miwesi, olaryň gözel kalbynyň mukamy. Gönezligini asyrlaryň jümmüşinden alan türkmen halylary häzirki döwürde hem özüniň gözelligi, nepisligi bilen bütin älemi haýran edýär. Türkmen halysynyň milli muzeýiniň baş hünärmeni, halyşynas Enegül MYŞŞYÝEWA bilen guran söhbetdeşligimiz hem ajaýyp halyçylyk sungaty we haly eserleri barada boldy. — Enegül, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň aýratyn uly tagallalarynyň netijesinde türkmen halyçylyk sungatynyň şan-şöhraty Arşa galdy. Geliň, söhbedi döwrümiziň buýsandyran wakalary bilen başlalyň!

Arkadagly şanly Diýar

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren bagtyýarlygy her günümizi şan-şöhrata besleýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Biz — ýaş nesiller, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň hözirini görüp ýaşaýarys we okaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň oňyn netijeleri kalbymyzdaky beýik ynamy — Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjymyzy joşdurýar. 2021-nji ýylymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen dowam edýär. Agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda parahatçylygy, jemgyýet jebisligini dabaralandyrýan synmaz güýç — berkarar döwletlilikdir. Munuň sakasynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyz durandyr. Garaşsyzlyk ýüreklerde bagtyýar geljege bolan aýdyň ynamy, mizemez söýgini gülledýän mukaddes derejedir. Bu ajaýyplykdan nesibelidigimiz üçin biz — ýaşlar ykbaly çüwen nesillerdiris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda köňüllerimize şatlyk nuruny bagyşlaýan Garaşsyzlyk baýramymyzyň dabarasy, at-owazasy dünýä dolsun! Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bellenilýän ýylda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toýlarymyz toýa ulaşsyn!

Höwürtge (Hekaýa)

Biz on-on iki ýaşlaryndaky oglanlardyk. Özümizem obamyzdaky mekdebiň golaýynda ýaşaýardyk. Mekdebiň demirgazyk tarapynda tejribe-ekin meýdançasy bardy. Ol ýer okuwçylaryň zähmet, biologiýa sapaklarynda uly gyzyklanma bilen ekinlere ideg etmegi, zähmet gurallaryny we olardan peýdalanmagy öwrenýän, işe höwes bilen werziş bolýan, taplanýan mekanydy. Dürli bakja ekinleri ekilýärdi. Bahar günleriniň birinde Oraz, Çary, Nazar dördimiz şol ýerlerde ot ýygyp ýördük. Şonda bir çetiniň yk tarapynda ýerleşen höwürtgä gözümiz düşdi. Höwürtge yhlas bilen sünnälenip gurlupdyr, içinde bolsa dört sany, daşy gara-goňur tegmilli enaýyja ýumurtgalar bar. Höwürtgäni ilki gören Oraz:

Güller bilen gürleşýän gyzjagaz (Hekaýa)

Aýsenemjik ýene jedirdäp başlady: — Eje, bägüller-ä, ynha, seret, howlymyzda, biziň bilen bileje ýaşaýarlar, emma başga kiçijik-kiçijik güller bar-a, çigildem, jümjüme, çopantelpek... olaram meýdanda ýaşaýarlar?! Nämüçin, hä? Eje, aýtsana, nämüçin?

Gyrmyzy güller (Hekaýa)

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň öň ýanynda doglandygy üçin onuň adyny atasy dakypdy — Ýeňiş. Ýaşuly frontçy agtyjagy Ýeňşi eý görýärdi. Şol bir wagtyň özünde, onuň sagdyn, berk bedenli ösüp-ulalmagy, durmuşa, zähmete werziş bolmagy üçin hem aladalanýardy. Otursa-tursa: «Saňa şöhratly günüň ady dakyldy, adyňa mynasyp bolgun, oglum!» diýýärdi. Alty ýaşyny dolduran gününde atasynyň welosiped alyp berşi, sürmegi öwredişi we şondan soňky wakalar Ýeňşiň şu günki ýaly ýadynda... Ertir ukudan oýananda, gapdalynda duran täzeje welosipede gözi düşen oglanjygyň göwni guş bolup uçdy. Ony idip, iki ýana at salşyna: «Welosipedimi gördüňizmi!» diýip gygyrýardy. Onuň iki tigirlije ulagyny idip-itekläp ýörmesi uzaga çekmedi. Atasy oglanjygy welosipedine oturdyp, «sapak» bermäge başlady. Deňagramlylygy saklamagy, şoňa sazlap, aýaklary hereketlendirmegi, oňa erk etmegi öwretdi. Agtygy sürdi, ony tutaklaýan atasy gapdalyndan haýdady. Şeýlelikde, ýarym güne galman, sürmegi-de öwrendi. Indi atasy tekge bermese-de, Ýeňiş welosipedini arkaýyn sürüp bilýärdi. Agtygynyň hyjuwdyr başarjaňlygyna monça bolan atasy:

Gumrular (Hekaýa)

Okuwa başlan günümizden mekdebimiziň howlusyndaky gür baglygy mekan tutunan gumrular biziň ählimiziň ünsümizi özüne çekdi. Synpdaş dostlarymyz bilen ýygy-ýygydan baga aýlanyp, gumrularyň halyndan habar almagy endik edindik. Getiren bugdaý, arpa dänejiklerimiz bilen iýmitlenişlerini görenimizde, öz ýanymyzdan monça bolardyk. Soňabaka biz-ä gumrular bilen, olar hem biziň bilen juda öwrenişdi. Höwürtgelerinden biraz daşlaşan bolsalar-da, baga bardygymyz, derrew ýanymyza gelerdiler. Ýazyň başynda höwürtgede jüýjejikler peýda boldy. Olaryň jürküldisi bize okuw ýylynyň ilkinji günlerini ýatlatdy. Mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlenen şol günlerde çagalaryň begenç-buýsanjy höwürtgedäki jüýjeleriň ýüregi heýjana getiriji şatlygyna çalym edýärdi. Edil biziň ýaly, gumry jüýjeleri hem mekdepde sapak öwrenýäne meňzeýärdi. Geçilen sapaga jogap berşimiz ýaly, olar hem ene gumra öz dillerinde bir zatlar «gürrüň berýärdiler». Jüýjeleriň hoş owazly jürküldisi, birenaýy saýraýyşlary, olar aýdym sapagynda çykyş edýändir diýdirýärdi.

Dyngy belgileriň özara söhbedi

(.) — Ilki men başlajak söze,Aýdyp, özüm hakda size:— Habar sözlemniň hem adyň, Tertip görkezende sanyň, Sahna eser gahrymannyň Soňundan goýulýar nokat.Ynanmasaň, hemmä okat!Diýmek, meniň hökümim zor,Sözlemäge-de hakym bar.

Çaga kalbynyň owazy

Arkadagymyzyň eseri «Enä tagzym — mukaddeslige                                           tagzym» —Arkadagymyzyň altyn eseri. Ene gudratyny dünýä deňeýänAsal ýaly manysy bar ekeni.