Çagalygyň şat çaglary

21 Iýun 2021
1300

Halypa kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyň 1984-nji ýylda surata düşüren «Ýaşyl adanyň syry» atly çeper filmi tebigat gözellikleri bilen bagly bolup, esasan, çagalaryň durmuşyndan söhbet açýar. Bu filmde Selimiň keşbini janlandyran Merdan Döwletow häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň «Merdana» orkestrinde sazanda bolup işleýär. Merdan Döwletow diňe bir saz çalmak bilen çäklenmän, birnäçe ýakymly aýdymlaryň sazyny döreden zehinli kompozitor hökmünde hem tanalýar. Onuň döreden sazlaryna Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň ýerine ýetirýän «Ýagýar ýagyş», «Aýperi», «Geregim», «Sen gerek», «Kepderi», «Türkmenistan» we başga-da birnäçe aýdymlary «Türkmen owazy» teleýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berilýär. Ýakynda söhbetdeş bolanymyzda, ol çagalyk ýatlamalary bilen bagly şeýle gürrüň berdi:

— Çagalaryň tebigata söýgüsini ösdürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak barada düşünjelerini artdyrmak maksady bilen döredilen «Ýaşyl adanyň syry» atly filme surata düşenimde 12 ýaşymdadym. Şol wagtlar häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano bölüminde okaýardym. Filmde maňa Selimiň keşbini, «Gorkak batyr» filmindäki Çamanyň keşbi bilen tanalýan Begenç Gurbandurdyýewe bolsa Myradyň keşbini janlandyrmak ynanyldy. Çaga bolamyzsoň, kino düşmegiň düzgünlerine-de belet däldik. Halypalaryň öwredýän hereketlerini gaýtalaýardyk. Film ýurdumyzyň täsin tebigatly ýerlerinde surata düşürilýärdi. Ol wagtlar diňe halypa artistler Hommat Müllük bilen Baba Annanowy tanaýardym, emma filmiň döredijilik toparynda başga-da halypalar kändi. Käwagt filme düşen pursatlarymyzy ýatlanymda, çölüň içinde aç-suwsuz kösenip, soňra-da işdämenlik bilen iýip-içmeli sahnalarda surata düşüşimiz hakydama gelýär. Filmde suwsap surnugan çaganyň uly gapdan suw içýän pursadyny ynandyryjy şekilde janlandyrmakda örän kynçylyk çekipdim. Sebäbi bize wagtly-wagtynda nahar berlip, gowy seredilýärdi, ykjam iýip-içýärdik, şonuň üçin hem surata düşmeli bolanda, hiç suw içesim gelmändi. Onsoň kän gezek gaýtalap surata düşürmeli bolupdy. Muňa derek, başga bir görnüşde birinji gezekde birkemsiz düşürilipdim. Bu nähili boldy diýseňizläň. Ylgap gelip, otagyň gapysyndan girenimizden, jaýyň içi üsti ýapylgy uklap ýatan ýylanlardan doly eken. Ýylanlara gözümiz düşenden, çynymyz bilen gorkup, çirkin gygyrdyk. Filme-de edil şeýle pursat gerek eken. Bu görnüş bir düşürilişde şowly boldy.

Akgül SAPAROWA,
«Güneş».