Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän bu ajaýyp kitaphana1935-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin çagalar kitaphanasynda kitaplaryň elektron görnüşleriniň kataloglary we audiokitaplaryň ýörite ýygyndylary-da jemlenendir. Jemi 16 müňden gowrak okyja hyzmat edýän bu kitaphanada türkmen, rus, iňlis, nemes dillerindäki kitaplar bar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda mekdebe çenli çagalara we 1 — 3-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm kiçi ýaşly çagalara terbiýeçilik ähmiýetli kitaplary we kitapçalary hödürleýär. 4 — 12-nji synp aralygyndaky okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, zehinlerini kämilleşdirmek, şeýle-de çeper edebiýat bilen gyzyklanmaklary üçin jemlenen ýörite kitap tekjelere baýdyr.