"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Gül Diýaryň goýnunda, baky bagtyň gujagynda

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň bagtyýarlyga beslenmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär Milli Liderimiziň amala aşyrýan özgerişlikleri her bir şähere, her bir adamyň ýaşaýşyna ýakymly täsirini ýetirýär. Munuň özi oba-şäherlerimiziň daş keşbinde hem, ýaşaýjylarynyň ykbalynda hem aýan görünýär. Şeýle bagtly pursatlar körpe neslimiziň durmuşynda hem örän köp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Arkadag Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtdan paýly halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, röwşen geljegini nazarlaýan syýasaty dabaralanyp, mähriban Diýarymyzda abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýär. Asuda asmanyň astynda halkymyz parahat ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Çaga gülküsiniň sesi göwünleri galkyndyrýar, bagşy-sazandalaryň ýakymly aýdym-sazlary ýurt abadançylygyny, rahatlygyny wasp edip ýaňlanýar. Ýurdumyzda ulynyň hormaty, ýaş nesliň sarpasy belent tutulýar. Bularyň hemmesi bagtdan, döwletlilikden, agzybirlikden nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen uly ösüşleriň ýolunda beýik sepgitlere ýeten mähriban Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir» diýip, mähriban Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjak bize — ýaş nesillere uly ynam bildirýär.

Garaşsyzlyk hakynda aýdym

Garaşsyzlyk — ak bagt,Nurly Günüň atany.Güneşli Türkmenistan — Bagtyýarlyk Watany. Garaşsyzlyk ZeminiAk güneşiň çoýmagy.Asuda asmanymdaGuşlaň ganat ýaýmagy.

Şadyýan tomsuň şatlygy

Hoştap howaly, goýny sapaly Gökderäniň gül gujagy ýene-de çagalaryň şatlyk-şowhunyna beslendi. Bu künjege gadam bassaň, salkyn saýaly baglaryň arasyndan çagajyklaryň ýakymlyja aýdym sesleri kalbyňa dolýar. Ol owaz bagtyň mukamy bolup, göwünlere ganat berýär. Tomus paslynyň ajaýyp ýatlamalara beslenýän dynç alyş möwsüminde çagajyklaryň buýsançly sözleri bolsa, ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Aýlar HANGELDIÝEWA, Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň okuwçysy:

Altyn çäçli bereket

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr.

Saglyk — beýik maksatlaryň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip düzülen we durmuşa geçirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, kämil, döwrebap saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Bu ugur boýunça durmuşa geçirilen giň möçberli işler, gazanylýan beýik sepgitler dünýäni haýran galdyrýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyryp, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan netijeleri düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri öňe sürlüp, bu ugurlarda aýdyň ýol-ýörelgeler kesgitlenildi. Olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaş nesiller hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem sazlaşykly ösýän, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn orun berilýär. Gysga döwrüň içinde dürli agyr ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy, käbirleriniň düýbünden ýo

Saglygym – baýlygym

Örtük Kim oýlap tapdy ony,Saglyga haýry artyk.Gorar keselden seni,Tämizje, akja örtük.

Goşgular çemeni

Bagban Meniň atam bagban,Ýetmiş ýaşynda.Bir kemi ýokdurAkyl-huşunda.

Çaga kalbynyň owazy

Gezelenç Bu ýyl tomus paslynda,Oba geldim ýene-de. Enem jan sygyr sagsa,Haýdadym kömek ede.

Saza öwrülen agaç (Hekaýa)

Mekdebe gidýän ýola düşen Mäligi gören wakasy hem geň galdyrdy, hem gülküsini tutdurdy. Parlap-parlap barha ýokary göterilýän Günüň ýiti zirelerine gözüni ýumjukladyp, hezil tomaşa duşan ýaly birsellem durdy. Giň ýoluň sol ýüzünden seteran tutup, tä mekdebiň bärsine çenli uzaýan bagçylygyň içindäki dürli guşlaram säherdäki saýramasyny pessaýladyp, Mäligiň gözüdir gulagyny baglan hezillige tomaşa edýän ýalydy. Diňe bu zatlara pitiwa etmeýän ýaly, obanyň içinden ýognas sesli köpekleriňdir towuk-jüýjeleriň, mal-garalaryň sesi sazlaşyp gulaga gelip durdy. Küren obanyň içinden geçýän ýol bilen pada-sygyr sürüsi barýardy. Ýuwaş ýabyny münen çopan süriniň yzyndan hiňlenjiräp gelýärdi. Şol wagtam bir ýerlerden dutaryň sesi gulaga degdi. Ilki pessaý çalynsa-da, gapaga degýän elleriň barha batlanýandygy sazyň hörp alşyndan bildirýärdi. Ol güýçlendigiçe-de, çopanyň hereketi haýallaýardy. Ol ilki jylawy berk çekip, owaz gelýän tarapa gulak gerdi. Soňam ýabysyny özi bilmezden ses gelýän tarapa debsiledi. Sygyrlar bolsa örä ýetmäge howlugýardy. Dutaryň sesine ýüpsüz baglanan çopan eýere çüýlenen ýaly bolup, saza şeýle bir gulak geripdi welin, dünýäde başga zat bardyr öýdenokdy. Çopanyň deňesine ýeten Mälik ony dürtdi:

Täsin kitaplar

Çagalar, «kitap» diýlende siz içine hat ýazylan, suratlar bilen bezelen köp sahypaly adaty kitaplary göz öňüňize getirýänsiňiz. Emma bu sahypada biz sizi adaty kitaplardan üýtgeşik, täsin kitaplaryň birnäçesi bilen tanyşdyrmakçy. «Well Done» atly täsin kitap dürli tagamlaryň taýýarlanylyş usullarynyň ýygyndysydyr. Bu kitabyň bir aýratynlygy bar — onuň sahypalarynda ýekeje söz hem ýokdur, diňe içi boş gap-gaçlaryň suratlary bar. Kitaby okamak üçin, ilki bilen, ony ýörite gyzgyna çydamly kagyza dolap, 100 ºC-a çenli gyzdyrylan howurpeçde «bişirmeli». Diňe şondan soň kagyzyň ýüzündäki hatlar ýüze çykýar, boş gaplaryň içinde bolsa dürli tagamlaryň suratlary peýda bolýar.

Ynam (Hekaýa)

Bir gün mekdepde okuw dersleri tamamlanandan soň, dostlarym bilen ýoluň ugrundaky meýdançada oýnamagy makul bildik. Okuw ýylynyň başydy. Guwanç atly dostum bilen meniň okuw torbam hem gaty meňzeşdi. Ikimiz bir synpda okanymyz üçin synpyň içinde-de kähalatlar bilmezden, özümiňkidir öýdüp, onuň okuw torbasyny göteren wagtlarym hem az bolmaýardy. Men öýe howlugýandygymy aýdyp, daş-töweregime garanjakladym.

Meniň arzuwym

Çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym mekdebe okuwa gitmäge howlugýardym. Şol döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz — çagalar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi barada käbir deň-duşlarymyň täsirli gürrüňlerini diňläp, ol ýerde dynç almagy arzuw edýärdim. Bu arzuwym 2016-njy ýylda hasyl boldy. Kakam, ejem hem-de jigilerim Suraý, Perhat dagy bilen ýolagçy otlusyna münen günüm häzir hem ýadymda. Çünki men şonda ilkinji gezek ýolagçy otlusyna münüpdim. Ýolugra Aşgabatda düşüp, garyndaşlarymyzyň öýünde myhman bolmalydyk. Paýtagtymyz gözel Aşgabady görjegime begenýärdim. Biz irden otludan düşdük. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabat şäheri şeýle bir owadandy. Men köçeleri, ýollary, ak mermerli köp gatly binalary görüp haýran galdym. Biziň uzyn günki gezelenjimiz örän gyzykly hem täsirli boldy. Şol pursatda terbiýeçimiziň öwreden:

Arkadagym, harmanyňyza bereket!

Artýar supramyzyň naz-u-nygmaty,Daýhan her dänäni zer deý ýygnady,Çal bagşy, owazyň dünýä sygmasyn,Arkadagym, harmanyňyza bereket!Ömrüňize, döwrüňize bereket! Hak yhlasdan gül bitýändir daşa-da,Topraga päk hyzmat beg deý ýaşadar,Türkmeniň ýer bilen kalby badaşan,Arkadagym, harmanyňyza bereket!Ömrüňize, döwrüňize bereket!

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan eli bilen döredilýän gözellikler hem-de milli gymmatlyklarymyz döredijilige höwesli çagalaryň-da ylhamyny joşdurýar. Oňa Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Tawus Meredowanyň çeken suratlaryny synlanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Ol sapaklarynyň daşyndan paýtagtymyzdaky «Daýan» okuw merkeziniň «Şekillendiriş sungaty» bölümine gatnap, tejribeli mugallymlardan tälim alýar. Geliň, Tawusyň çeken suratlaryny bilelikde synlalyň.

Kirpijik (Hekaýa)

Grigoriý Gorin,rus ýazyjysy. Slawik on ýaşyndady. Bir gün Slawik kirpijigi başgabynyň içine salyp, göwnühoş halda içeri kürsäp girdi. Ol kakasynyň ýanyna ylgap baryp, demi-demine ýetmän:

Ahmediň bilesigelijiligi

Säher bilen ukudan oýanan Ahmetjik el-ýüzüni ýuwup, ertirlik edinmek üçin aşhana geldi. Sowadyjydan gerek zatlaryny alyp, gapysyny ýapmakçy bolanda, oňa ýelmeşip duran kiçijik şekiljikler ýere gaçdy. Haçanda Ahmet magnitli şekiljikleri ýerli-ýerine ýelmäp goýmakçy bolanda, onuň elindäki magnitler biri-birinden iteklenip, ýene ýere gaçdylar. Bu ýagdaýa haýran galan Ahmet ýene ýerdäki magnitleri çöpleşdirdi-de, olary biri-birine ýakynlaşdyryp gördi. Her näçe jan etse-de, olary biri-birine ýelmeşdirip bilmedi. Gaýtam, magnitler Ahmediň içini ýakmak isleýän ýaly biri-birinden gaçýardylar. Soňra Ahmet olary dürli materialdan ýasalan zatlara ýakynlaşdyryp gördi. Mata, kagyz, plastmassa, polietilen, agaç, aýna ýaly zatlaryň magnit bilen asla işlerem ýok. Emma demir welin, magnite golaýlaşanyndan oňa tarap süýşüp başlaýar. Munuň sebäbini bilmek üçin Ahmet fizika sapagyndan diňe bäşlik alýan dogany Serdaryň ýanyna bardy: — Serdar, muňa seretsene, bu magnitler öýkeleşipdirler öýdýän, biri-birine ýakynlaşdyrjak bolýan welin, tersine, bular daşlaşýarlar?!

Batbörek

Gerekli esbaplar: Polietilen torba; Ýelimbagy (skotç); Ýeňiljek taýajyklar; Flomaster; Sim; 15-20 metrlik inçejik ýüp; Gaýçy; Ýelim.

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Garpyzly şerbet Gerekli önümler: 500 gram garpyz, 1 bulgur süýt, 1 çaý çemçesi bal, 0,5 çaý çemçesi dalçyn (korisa).

Ilşat — ýaş alym

Adamzadyň durmuş ýoluna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän zat ylymdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan merdana halkymyz ylma hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Milli Liderimiziň taýsyz aladalary netijesinde ýaşlaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Şol oňyn şertlerden göwünleri galkynýan ýaşlar ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerini äleme ýaýmaklyga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.