"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Güneşli Diýarymyzyň tebigat gözelligi, kerem-keramatly türkmen topragynyň çar künjegindäki bagtyýar ýaşaýyş, milli mirasymyza bolan belent sarpa ýurdumyzyň ýaşajyk suratkeşleriniň döredijiliginde giňden orun alýar. Muny Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlarynda hem görmek bolýar. Muny mekdebiň okuwçylary Gülendam Annamyradowanyň «Türkmen bazary», «Gülli natýurmort», Arzygül Maşadowanyň «Çeşmäniň boýunda», «Natýurmort» atly eserleri hem aýdyň şöhlelendirýär.

Gudrat (Erteki)

Ir zamanda bir patyşa bolupdyr we onuň üç gyzy bar eken. Bir gezek patyşa gyzlaryny ýanyna çagyryp, olara üýtgeşik, gudratly güýje eýe bolan bir zady getirmeklerini sargapdyr. Iň uly gyzy altyn-kümüşden tikilen köýnek getiripdir, ortaky gyzy gymmatbaha daşlardan düzülen monjuk getiripdir, körpe gyzy bolsa bir küýze suw getiripdir. Hemmeler onuň üstünden gülmäge başlapdyr welin, gyzjagaz şeýle diýipdir: —Ýer ýüzünde iň uly gudrat suwdur. Howanyň jöwzaly günleriniň birinde syýahat edýärkäk, suwsuz galan ýolagça gabat geldik. Suwsuzlykdan aşa ejir çekýän adam bir owurt suw üçin gymmat zatlarynyň, şaý-sepleriniň ählisini bermäge taýyndy. Men onuň teşneligini gandyryp, ýanyna ýol üçin ätiýaçlyk suwuny hem berdim. Şonda suwuň ähli baýlykdan gymmatlydygyna göz ýetirdim.

Aldarköse, döw we tilki (Türkmen halk ertekisi)

Gadym zamanda Aldarköse diýen bir pukara adam bolupdyr. Ol bir gün aýalyna: — Men gazanç etmäge gitjek — diýip, çöl-beýewana çykyp gidipdir.

Akyl, ylym we bagt (Ga­zak tym­sa­ly)

Akyl, Ylym we Bagt öz aralarynda: «Haýsymyz iň gowy we iň güýçli?» diýen soragyň üstünde uzak wagtlap jedelleşipdirler. Özleri belli bir çözgüde gelip bilmänsoňlar, kazylyk etmeklerini sorap, bilgiçlere ýüz tutmagy makul bilipdirler. Bilgiçler Bagta garap şeýle diýipdir: — Bagt, sen durnuksyz hem düşnüksiz zat, köplenç, gerek däl ýeriňde görnüp, adamy bagtly edýärsiň, tolgunmaga, ejir çekmäge boýun egdirýärsiň-de, soňra ony taşlap ötägidýärsiň. Gowusy sen Akyl bilen tanyş, şeýtseň uzak ýaşarsyň.

Gyrgyz nakyllary

Batyr goşuny çeker, dana ýol açar. * * *

Kim çalasyn? (Tä­jik mil­li oý­ny)

Meýdançanyň ortarasynda uly tegelek çyzylýar. Çagalaryň arasyndan iküç sany «awçy» seçilýär. Olar tegelegiň ortasynda, beýleki çagalar çyzygyň daşynda durmaly. Çyzygyň daşyndakylar «bir, iki, üç» diýlip sanalan wagtda tegelegiň içine girýär we derhal yzyna öwrülip, daşyna çykýar. Şol wagt «awçylar» hem içeri girenleri tutmaga synanyşýar. Eger kimdir birini tutmak başartsa, ol «ýesir alnan» hasaplanýar we «awçylaryň» kömekçisi bolup, içerdäkilere goşulyp «aw edýär». Oýun tä daşarky çagalaryň köp bölegi tutulyp, tegelegiň içindäkilere goşulýança dowam edýär. Tutulmadyk çagalar iň çalasynlar hasaplanýar. Oýnuň düzgüni: «awçylar» çyzygyň daşyna çykmaly däl we daşarda duran çagany tutmaly däl.

Ýalan söz (Öz­bek tym­sa­ly)

Günlerde bir gün başgap tikip satmak bilen güzeranyny dolaýan bir adam ilkinji gezek oglunyň ýeke özüni bazara başgap satmaga ugradýar. Oglan kakasynyň bildiren ynamyny ödemek üçin haýdap bazara barýan eken. Ýoluň çatrygyna ýetip, dem-dynjyny alýarka, başgap satýan arabaly bir adam ondan bazara eltýän ýakyn ýoluň salgysyny soraýar. Oglan bazara bu adamdan öň ýetmek maksady bilen, oňa uzak ýoly görkezýär. Özi-de görkezeninden üç esse gysga ýoldan gidip, başgaplary basym satyp, puluny kakasyna gowşurmak niýeti bilen ýola düşýär. Şol barşyna, ýoluň ortasynda äpet agajyň ýykylyp ýatandygyny görýär. Hernäçe synanyşsa-da, goş-golamlary bilen agajyň üstünden aşyp bilmedik oglan lapykeç halda hälki çatryga dolanyp, arabaly adamyň giden uzyn ýoluna düşmeli bolýar. Çen tutuşyndan ep-esli gijä galan oglanyň söwdasy oňmandyr. Bazar sowlansoň oglan öýüne dolanyp gelýär-de, ähli zady kakasyna gürrüň berýär:

Zehin zehinden zyýada

Ata Watanymyzy ylmy ösüşleriň mesgenine öwürmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen täze okuw toplumlaryny açyp bermegi ýaşlaryň göwnüni galkyndyrýar, olary belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ynha, şu sahypada gürrüň berjek ýaşlarymyz hem elmydama zehinlerini «ýiteldip», diňe bir ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlarda däl-de, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän abraýly bäsleşiklerde hem ýeňiş gazanýarlar. Şu ýylyň 29-njy iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň gurnamagynda Halkara Balkan matematika bäsleşigi (JBMO — 2021) geçirildi. Oňa 21 döwletden 128 okuwçy, şol sanda ylym-bilimiň ojagy bolan güneşli Diýarymyzda okaýan mekdep okuwçylarynyň hem 6-sy gatnaşdy. 25-nji sapar geçirilýän bu bäsleşikde ýaş türkmen matematikleri berlen mesleleleriň dogry çözgüdini tapmak arkaly erjellik görkezdiler. Albaniýa, Gresiýa, Kipr, Azerbaýjan, Bosniýa we Gersogowiniýa, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Filippin, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Makedoniýa we Türkiýe ýaly döwletlerden gelen ökde deň-duşlarynyň arasynda saýlanan ýaşlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Şatlygyňy paýlaşmagyň ýakymy

Uly bol, kiçi bol, durmuşyňdaky şatlykly pursatlar kalbyňa ganat berýär. Şol pursatda ýakynlaryň, deň-duşlaryň bilen begenjiňi paýlaşmak diýseň ýakymly. Mähriban çagalar, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnur Abdullaýewanyň durmuşyndaky şatlykly pursatdan söhbet etmegi makul bildik. Gülnur 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Iň eýjejik gyzjagaz», 2020-nji ýylda Gulbaba adyndaky Çagalar baýraklaryna mynasyp boldy. Ýaňy ýakynda bolsa oňa durmuşynda ýene-de bir ajaýyp pursadyň şaýady bolmak miýesser etdi. Ýogsa-da, çagalar, gowusy bu barada size onuň öz aýdan gürrüňlerini ýetiräýeli:

Türgen doganlar

Çagalar, araňyzda sport bilen meşgullanýanlaryň kändigini-hä bilýäris, köpiňiz jigileriňize-de görelde görkezýärsiňiz. Araňyzda doganlarynyň göreldesine eýerip, sporta gyzygyp giden çagalar az däl. Sizi tanyşdyrmak isleýän oglanlarymyz hem söweş sungatynyň kumite, şahsy kata, uşu görnüşleri boýunça ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgen doganlar Merdan we Amangylyç Hudaýnazarowlardyr. Olar Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 6-njy we 2-nji synp okuwçylary. Doganlar Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebine yzygiderli türgenleşiklere gatnap başlaýarlar. Ilkibaşda sport mekdebiniň çägindäki ýaryşlarda Merdanyň üstünlik gazanyp başlamagy onuň öz güýjüne bolan ynamyny artdyrýar. Şeýdip, 8-9 ýaşlaryna ýetende, ol welaýatyň açyk çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp başlaýar. Doganynyň gazanýan üstünlikleri Amangylyç üçin hem görelde bolýar. Oglanjyk ýaňy 4-5 ýaşlarynda öz ýaşytdaşlarynyň arasynda etrabyň ýeňijisi bolmagy başarýar. Doganlar diňe bir sport ulgamynda şowlulyk gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, mekdepde hem göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanalýarlar.

Aýlawlarda «atyň çyksyn!»

Aýlaw. Bu söz hakydaňa dolanda türkmeniň ajaýyp toýhanasy göz öňüňe gelýär. Ol ähli döwürde-de halkymyzyň ykbalynda toý mekany bolupdyr. Aýlawda «Pylanynyň aty çykdy» diýilse, aty çykanyň obasyna, iline uly abraý, mertebe, dereje gelipdir. Türkmen üçin «atyň çykdy» diýlen söz hoş habar dek çar ýana ýaýylýar. Ýurdumyzda uludan tutulýan toý-tomaşalarda at çapyşyklarynyň geçirilýändigini hemmämiz bilýäris. Şeýle ýaryşlarda deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýan ýaş çapyksuwarlaryň biri hem Aşgabat şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Işanguly Babalyýewdir. Işanguly ata-baba däp bolan mukaddes ýoly dowam etdirmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýar we her gün Aşgabat atçylyk sport toplumyna gelip, öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk görýär. Ýaş türgen ynsan gylykly bedewlere ideg etmegi, olar bilen dostlaşmagy we çapuw ýodasynda, çapyşyk wagtynda ata erk edip, «dil tapyşmagy» öz atasyndan — Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Orazguly Babalyýewden hem-de kakasy Enwerguly Babalyýewden öwrenýär.

Güýçlüleriň güýçlüsi

«Güýç synanyşmak» oglanjyklaryň arasyndaky iň «meşhur ýaryşlaryň» biri. Şeýle dälmi? Ilki öz göwräňe görä daýawrak çiginleriňi deňeşdirersiň. Oňa-da ynanmasalar, eliňe ilen daşy ýa-da kesegi uzaga oklap, «ukybyňy görkezersiň». Güýjüňi onda-da «ykrar etmeseler», daş-töwerekden nähilidir bir agyrlyk tapyp, şony ýerden galdyrarsyň. Şol agyrlygy galdyryp bildiňmi, soň saňa dostlaryň «güýçli» diýer. Şol ady bir alyp bilseň hezildir, synpdaş oglanjyklaryň arasynda saňa taý tapylmaz. Özüňe bolan ynamyň has artar. Ýöne agyrlyk götermek gyzjagazlara mahsusmyka? Ýok, olaryň aralarynda başga-başga ýaryşlar. Mundan 12-13 ýyl ozal Polina atly bir gyzjagaz hem şol pikire uýup, ilki gimnastika gatnap başlady. Ýöne beýleki gyzlardan tapawutlylykda, ony agyr atletika özüne çekdi. Şeýlelikde, ol 11-12 ýaşlarynda bu sportuň bir gyrasyndan girdi. Bu sport bilen meşgullanyp başlanyna 10 ýyl geçensoň bolsa ýurdumyzyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen bolmagy başardy...

Sazdan pürepür käseler

Käsede saz çalmak — üýtgeşik sungat. Farap etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň müdiri Ýoldaş Bazarow bu işiň ussady. Onuň ýolbaşçylyk edýän «Merjen mukamlar» toparynyň ýaşajyk sazandalary hem halypanyň täsin sazandalyk tejribesini öwrenmäge uly yhlas siňdirýän çagalar. Olar ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralarda yzygiderli çykyş edip, köpüň alkyşyny alýandyklaryna çensiz buýsanýarlar. Bize hem käselere owaz berýän «Merjen mukamlaryň» ajaýyp sazlaryny diňlemek we bu toparyň ýolbaşçysy Ýoldaş mugallym bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. «Merjen mukamlar» topary 2008-nji ýylda döredildi, 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Toparyň Döwran Şükürjanow, Arzuw Serdarow, Azym Ýangibaýew, Öktem Babakulyýew, Muhammet Ylhamow ýaly zehinli agzalary dürli saz gurallary bilen bir hatarda, käsede saz çalmakda-da ezberlik görkezip, halypa mugallymyň öwredýänlerini özleşdirmegiň hötdesinden gelýärler. Olar Rejep Rejebowyň «Tans», Nury Halmämmedowyň «Prelýudiýa», Aman Agajykowyň «Tans» ýaly sazlaryny we «Läleler», «Sallanan gözel», «Çal, dutarym!», «Sen-sen», «Köne güzer», «Bibijan», «Pyýala» ýaly birnäçe türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirýärler. Oglanlaryň hersi öňlerinde, ses beriş aýratynlygyna laýyklykda ýerleşdirilýän 14 käseden täsin heň almagy başarýarlar.

Halk döredijiliginiň dürdänelerinden

Türkmen milli sazy — milletiň kalbynyň owazy. Sözi paýhas bezär, sazy — sungat.

«Üçýyldyzyň galgyny — Ýaldyragyň ýangyny»

Ýyldyz senenamasy, ýyldyzlara görä, tebigat hadysalaryny we ýol-ugur kesgitlemek köp halklaryň arasynda örän irki döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Çarwalar, söwdagärler, jahankeşdeler öz ugurlaryny asmandaky ýyldyzlary synlamak arkaly anyklapdyrlar. Iki müň ýyl mundan ozal gadymy Gresiýada ýaşap geçen alym Gipparh asmandaky 1026 ýyldyzyň älem giňişligindäki orunlaryny kesgitläp, olary toparlara bölüpdir. Älemşynas alymlaryň çaklamalaryna görä, adamlar adaty göz bilen müňlerçe ýyldyzy görüp bilýär. Emma ýyldyzlara astronomik obserwatoriýa enjamlarynyň kömegi bilen syn edilende, olaryň sany has-da köpdür. Ata-babalarymyz şolaryň iň ýagtylaryna ýörite at berip, olary ýyldyz senenamasyna girizipdirler. «Akmaýanyň ýolunyň» ugrunda ýerleşýän «Üçýyldyz» iýul aýynyň 22-sine üç tirkeş bolup, gündogar gözýetimde «Aralyk» ýyldyzynyň aşak ýanynda görnüp başlaýar. «Üçýyldyz» dogan wagtynda biziň ýurdumyzda gündiz uzaýar we 14,5 sagada barabar bolup, soňra gün geçdigisaýy bu dowamlylyk gysgalyp ugraýar. Şeýle-de bolsa, tomsuň jowzasy gowşamaýar. Sebäbi öňde «Ýaldyrak» döwri garaşýar. Ata-babalarymyz bu barada: «Üçýyldyzyň galgyny – Ýaldyragyň ýangyny» diýipdirler. Howanyň bu döwürdäki gyzgynlygy ýurdumyzda ýetişdirilýän birnäçe ekinlere peýdaly täsir edýär. Ol gowaçanyň hasyl toplaýan döwrüne gabat gelýär we gozalardaky pagta süýüminiň ýokary hilli bolmagyna ýardam edýär. Gawun-garpyz, üz

—Bilgirje, kosmonawtlaryn geýimleri barada gürrün beräýsen!

—Kosmonawtlaryň geýimleri «skafandr» diýlip atlandyrylýar. Skafandrlar adamy amatsyz we gazaply daşky gurşawdan, ýagny daşky gurşawyň zyýanly şöhlelerinden we zäherli gazlaryndan goraýar. Skafandryň içi elmydama adam üçin kadaly basyşy hem-de temperaturany saklaýar. Şeýle-de ol adama zerur bolan kislorody tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Käbir adamlar skafandrlary diňe kosmonawtlaryň eşigi hökmünde tanaýarlar. Emma olaryň: guwwaslaryň (suwuň düýbüne çümýänleriň) skafandrlary, awiasion skafandrlar we kosmos skafandrlary ýaly üç görnüşi bardyr.

Bars

Barslar öz awlaryny 1,5-2 kilometrden görüp bilýärler. Olaryň eşidişi bolsa adamyňkydan bäş esse güýçlüdir. Bu jandarlar awuny agajyň şahalaryna çykaryp, şol ýerde iýmitlenýärler. Şonuň üçin hem olaryň penjeleri ýörite gurluşa eýe bolup, kynçylyksyz agaja dyrmaşmaga ýardam edýär.

Awgustda doglan bolsaň...

Eziz çagalar, eger-de siziň awgust aýynda doglan dostlaryňyzdyr joralaryňyz bar bolsa, onda olaryň üns merkezinde bolmagy halaýandygyny bilýänsiňiz. Bu çagalary gysgaça tertip-düzgüni gowy görýän, ruhubelent, adalatly diýip häsiýetlendirmek bolýar. Özleri-de «Diňe öňe gitmeli!» diýen pikire gulluk edýärler. Olar kynçylyklara garamazdan, öz isleglerini amala aşyrmak üçin köp zähmet çekmäge ukyply bolýarlar. Özbaşdaklygy halaýan oglanjyklar we gyzjagazlar hiç zat babatynda öz deň-duşlaryna garaşly bolmak islemeýärler. Şonuň üçin awgustda doglanlardan özlerine we eden işlerine jogap berip bilýän, dogumly ýaşlar kemala gelýär. Olar dost-ýarlaryna goldaw bermäge, gerek ýerinde bolsa goramaga elmydama taýyn bolýarlar. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu aýda doglan çagalar özbaşdaklygy gowy görýärler, ähli işlerini özleri etmegi halaýarlar. Öz başarjak işlerini asla kimdir birinden haýyş etmeýärler. Bir işe gyzygyp gitseler, ony soňuna çenli alyp gidýärler. Bu çagalar öz deň-duşlarynyň arasynda sözüni ýöretmegi başarýarlar. Elmydama tertip-düzgün boýunça hereket etmegi halaýandyklary üçin olardan gowy ýolbaşçylar ýetişip biler. Şeýle-de guramaçylyk işlerine ökde bolansoňlar bu çagalar synpdaşlarynyň, dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýa-da gurnak toparlaryndaky deň-duşlarynyň arasynda abraýa mynasyp bolýarlar. Olardan gowy guramaçylar, mugallymlar, şahyrlar, lukmanlar we topar ýolbaşçyl

Ösüşlerden serpaýly aý

Tomsuň ilkinji aýy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi, ýagny Medeniýet hepdeligini öz içine alýar. Bu aý agzybir halkymyz tarapyndan şadyýan we buýsançly toý-baýramlaryň aýy hökmünde garşy alynýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu aý, sözüň hakyky manysynda, ösüşlerden serpaýly aý boldy. Onda ençeme taryhy wakalar, döwrebap iri desgalaryň açylyş dabaralary bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dabaraly wakalar uly tutumlara beslendi. Şol pursatlardaky ählihalk buýsanjy bolsa şirin sözlerde, sungat ussatlarynyň, agzybir halkymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň joşgunly çykyşlarynda, aýdym-sazly, goşgy-gazally waspnamalarynda orun aldy. Mälim bolşy ýaly, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçipdir. Şu jähetden döwrebap transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu gadymy ýoly täze görnüşde, gaýtadan dikeldýär. Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň açylyp, ulanylmaga berilmegi şol döwletli işiň ýene bir subutnamasy boldy. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek bu döwrebap desga diňe bir milli raýat awiasiýasynyň ösüşli sepgidi bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuk

Asudalyk, abadanlyk şuglasy

Mähriban çagalar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy barha ýakynlaşýar. Agzybir halkymyz bilen birlikde siz hem bu ajaýyp baýrama göwünleriňizi ruhubelentlige besläp garaşýansyňyz, aýdymdyr saz öwrenip, goşgudyr gazal düzüp, sportda, zähmetde taplanyp, mynasyp sowgatlar taýýarlaýansyňyz. Biz hem muňa tüýs ýürekden guwanyp, Garaşsyzlygyň beren baky bagtyýarlygy barada söz açmak isleýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň datly miwesidir. Bu döwürde ýetilen belent sepgitleriň, amala aşyrylan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde, ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bilen ýetilen bu beýik ösüşiň saýasynda halkymyz parahat, bagtyýar, asuda ýaşap, erkana zähmet çekýär. Berkarar ýurdumyzyň sarsmaz binýadynda aýratyn orny bolan ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda türkmen taryhynyň altyn şuglaly sahypalary barha artýar.