Çagalar, araňyzda sport bilen meşgullanýanlaryň kändigini-hä bilýäris, köpiňiz jigileriňize-de görelde görkezýärsiňiz. Araňyzda doganlarynyň göreldesine eýerip, sporta gyzygyp giden çagalar az däl. Sizi tanyşdyrmak isleýän oglanlarymyz hem söweş sungatynyň kumite, şahsy kata, uşu görnüşleri boýunça ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgen doganlar Merdan we Amangylyç Hudaýnazarowlardyr.
Olar Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 6-njy we 2-nji synp okuwçylary. Doganlar Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebine yzygiderli türgenleşiklere gatnap başlaýarlar. Ilkibaşda sport mekdebiniň çägindäki ýaryşlarda Merdanyň üstünlik gazanyp başlamagy onuň öz güýjüne bolan ynamyny artdyrýar. Şeýdip, 8-9 ýaşlaryna ýetende, ol welaýatyň açyk çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp başlaýar. Doganynyň gazanýan üstünlikleri Amangylyç üçin hem görelde bolýar. Oglanjyk ýaňy 4-5 ýaşlarynda öz ýaşytdaşlarynyň arasynda etrabyň ýeňijisi bolmagy başarýar. Doganlar diňe bir sport ulgamynda şowlulyk gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, mekdepde hem göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanalýarlar.