"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Gulbabanyň dutary

Mähriban çagalar, siz Gulbaba Akyýewiň gysgajyk ömründe uly yz goýan bagşydygyny bilýänsiňiz. Ol barada metbugat sahypalarynda ýazylan makalalary okansyňyz, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleri diňlänsiňiz. Köpiňiz Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri. Gulbabanyň ady agzalanda, onuň ýakymlyja owaz bilen aýdýan «Öz ilimiň bagşysy men», «Begler» ýaly ençeme aýdymlary gulagyňda ýaňlanýar.  Ýogsa-da, siz Gulbabanyň dutary hakynda bilesiňiz gelýärmi? Onda, çagalar, žurnalymyzyň şu sanynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatowyň bu barada beren gürrüňlerini size ýetirýäris:

Laçyn belent uçýar

Belent gök asmandaGanatyn açyp,Parahatlyk nurunÄleme saçyp,Uçýan ak laçyn,Seň bilen ýüreklerŞeýle päk, laçyn. Görüp beýik daglaňBeýikligini,Has belent uçýaň.Sen beýik durmuşyň Törüne geçýäň.

Sentýabrda doglan bolsaň...

Sentýabr aýynda doglan çagalaryň ene-atalary öz perzentleriniň sapaklaryna gowy ýetişýändigine guwanyp bilerler. Bu çagalara bir zatlar öwretmek mugallymlar üçin hem aňsatdyr. Olar heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäler sowatlylyga ymtylyşy boýunça öz deň-duşlaryndan saýlanyp başlaýarlar. Bu çagalar diňe bir okuw derslerini basym öwrenmekde däl-de, eýsem, aýdym-sazda, edebi döredijilikde, hasap-hesip işlerini geçirmekde hem tapawutlanýarlar. Olaryň ýatkeşliginiň güýçli bolmagy hem-de daş-töwerekdäki ownujak zatlara ünsli garamagy islendik ugurda üstünlik gazanmaklaryna ýardam berýär. Sentýabr aýynda dünýä inenler çagalar bagynda-da, mekdepde-de erjelligini görkezýärler. Olardan gowy toparbaşylar we ýolbaşçylar ýetişýär. Maglumatlary seljermekde hiç hili kynçylyk çekmeýändikleri üçin, bu aýda doglan çagalar göräýmäge uly adamlar üçin hem kyn hasaplanylýan meselelerden baş alyp çykýarlar. Bu çagalara mahsus bolan ýene bir häsiýet – özdiýenlilikdir. Olar kiçi ýaşlaryndan başlap, diňe öz isleýän zatlaryny etmäge ymtylýarlar, töwerekdäkileriň talaplaryna we haýyşlaryna bolsa, köplenç, biparh garaýarlar. Sentýabrda doglan çagalar örän duýgur bolýarlar. Daşyndan agras görünýän bolsalar-da, olar ýakyn adamlaryna juda mähremdirler. Esasan hem kiçi jigilerini hemme zatdan goraglap gezmegi endik edinýärler. «Az bolsun, uz bolsun» diýlen nakyla eýerip, bu çagalar eden işleriniň göwrümine däl-de,

Alkyş aýdýar Arkadaga gül Watanyň körpe nesli

Ýagty geljegiň buşlugyGül Watanyň körpe nesli.Bagtyýar döwrüň ýaşlygy Gül Watanyň körpe nesli. Bäs eder gunça-güllere,Eýedir saýrak dillere,Şan getirer aý-ýyllaraGül Watanyň körpe nesli.

Dost-doganlyk mizemezdir, bakydyr!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen tanalmaz derejede özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pederlerimiziň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen dana sözi ýene bir gezek dabaralandy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň nurly tomsunda gojaman Hazaryň arassa hem asuda türkmen kenarynda doganlyk döwletlerden gelen ýokary derejeli myhmanlar, wekiliýetler we dürli pudaklardan bolan wekiller garşy alyndy. 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagynda halkara forumdyr dürli ugurly çäreleriň birnäçesi geçirilip, sebitde köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, oňa çalt depginlerde ilerleýän, strategik kuwwaty bermek babatda oňyn netijeler gazanyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti — bular sebit ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlary boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanyp, parahatçylygy we abadançylygy pugt

Tarypy dessandyr Garaşsyzlygyň

Ata Watanymyzda tirkeşip gelýän ýyllar kereme, keramata eýe. Munuň şeýledigine «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň taryh gatyna altyn harplar bilen ýazylýan ençeme şanly wakalarynyň üsti bilen göz ýetirýäris. Bu ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň tutulmagy biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar, başymyzy eziz Diýarymyzyň mermer binalary deýin Göge ýetirýär. Döredijilik işgärlerini täze-täze eserler döretmäge ruhlandyrýar. Bu gün ýaşyl Tugly öýleriň başy,Oguz handan gaýdýar toýlaryň başy,Gelýär çar tarapdan dogan-gardaşyň,Şanly baýramynda Garaşsyzlygyň.

Bagtyýarlyk nury

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda her bir günümiz şanly senelere, giň gerimli wakalara, tutumly dabaralara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde, esasan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň gadymdan gelýän gurmak syýasaty ösdürilip hem kämilleşdirilip, sungat derejesine ýetirildi. Halkymyzda öý gurmak, ojak edinmek rysgal-döwletlilik hasaplanylýar. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň, dost-doganlygynyň, agzybirliginiň nyşany bolan «Türkmeniň ak öýi» binalary hem aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň her birinde ajaýyp, kaşaň, millilik bilen döwrebaplygyň sazlaşygyndan emele gelen döwletli-derejeli «Türkmeniň ak öýi» binalary gurlup, ulanylmaga berildi. Ajaýyp binalaryň açylyş dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ýurdumyzyň Mary, 2017-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ahal, 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Lebap, 14-nji iýulynda Balkan, 21-nji iýulda Daşoguz welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary açylyp, ulanylmaga berildi. Sanlyja günüň dowamynda ýurdumyzyň üç welaýatynda — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde

Gök­de­re­de gö­wün­ler şat

Dynç alyş möw­sü­mi­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry do­wam ed­ýär. Ýa­kyn­da Gök­de­re­de ýer­leş­ýän «Çy­nar», «Al­tyn süm­mül», «Ne­bit­çi», «Be­ýik Ser­da­ryň ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri» at­ly ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dür­li dabaraly çä­re­ler gu­ral­dy. Olar ýaş­la­ryň ze­hin, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­lip, ýur­du­myz­da kör­pe ne­sil­le­riň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny, edep-ter­bi­ýe­li­li­gi­ni ga­zan­mak üçin dö­re­dil­ýän giň şert­le­riň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni açyp gör­kez­di. Şeý­le hem ta­ny­mal dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar, ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň göç­me ser­gi­le­ri, teatr­lar ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan sah­na çy­kyş­la­ry, ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ryň ara­syn­da halk er­te­ki­le­ri­ni bil­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan bäs­le­şik­ler, su­rat çek­mek we çe­per oka­ýyş bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler dynç alyş möw­sü­mi­niň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­dy. Ça­ga­la­ryň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak uky­by­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mek, eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy ba­ra­da de­giş­li hü­när­men­le­riň dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem möw­sü­miň äh­mi­ýet­li wa­ka­lar­ydyr. «Çy­nar» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de dynç al­ýan gyz­ja

Dynç alşyň ýakymy

— Mähriban çagalar, täze okuw ýyly golaýlap gelýär. Tomusky dynç alşyňyzy gyzykly geçirdiňizmi? Siziň deň-duşuňyz Atajan-a bu ýyl tomusky dynç alşyny obada geçiripdir. Ol geljek ýylky dynç alyşlaryny hem obada geçirmek isleýär. Onuň aýdýan gyzykly gürrüňlerini diňläsiňiz gelýärmi?! — Dostlar, oba durmuşy örän gyzykly. Obada atamlaryň bag-bakjaly mellegi bar. Mellekdäki ir-iýmişli baglaryň hasylyny göterip bilmän duran şahalaryny bir görseňiz, mellekden çykasyňyz gelmez. Dürli ir-iýmişlerini güjeňläp, şahalaryny egip duran baglaryň saýasynda oturyp, datly miwelerinden iýip görüň, tagamy başgadyr. Baglaryň şeýle bol hasyl bermeginiň sebäbini atamdan soradym. Ol:

Biz Watanyň gunçalary, gülleri

2021-nji ýylymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ajaýyp şygar bilen dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýýär. Dost-doganlygyň goldanylýan, gülläp ösýän ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy mekez hökmünde-de dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda nesilleriň saglygyny we sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek, dynç alşy sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen utgaşdyrmak, şeýlelikde, milli sport we saglygy goraýyş ulgamlarynyň binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap şypahanalary, dynç alyş merkezlerini gurduryp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserleri halkymyzyň ruhy ösüşleriniň altyn açary bolmak bilen, watandaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Häzirki ajaýyp döwrümiz halkymyzyň we ady taryha giren merdana pederlerimiziň ýürekde beslän ähli ýagşy arzuwlaryny wysal eden zamana öwrüldi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna giň gerimli taýýarlyk görülýär. Bu baýramy biz — ýaş nesiller hem okuwda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde öň hatarda bolmak, goşgudyr aýdymlary, sahna oýunlaryny taýýarlamak bilen garşy alýarys. Agzybirlik ählimiziň baş maksadymyz, ol halkymyzyň parahat ýaşaýşynyň binýady. Ata-babalarymyz agzybirlik, je

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy

Garaşsyzlyk toýy mübärek bolsun! Diýarymda bu gün ýene toý bolýar,Garaşsyzlyk toýy mübärek bolsun!Illerim parahat, ýurdum gülleýär,Garaşsyzlyk toýy mübärek bolsun!

Goşgular çemeni

Ýagşyň aýdymy Ýagýar ýagyş,Şybyr-şybyr.Ajap aýdym,Oňat şygyr.

Çaga kalbynyň owazy

Watanym Baksaň, bagtyňkeşbi goýnuňda, Watan,Kalbymyz şatlanyp, joşýar göwnümiz.Päk arzuwlar bilen säher daň atar,Berkarar döwletli ajap döwrümiz.

Iň süýji gawun (Hekaýa)

Atasy gawun ekmäge gitmekçi bolup, goş-golamyny ýygnap ugrandan, Seýran hem onuň gaşynda häzir boldy: — Ata, bu gün dynç güni, menem siziň bilen gidip, gawun ekişäýeýin!

Gawun barada nakyllar

Gawun düýbünden öser. * * *

Meniň ýyldyzlarym

Her bir çaganyň özboluşlyja, käte hiç kimiňkä meňzemeýän arzuwy bolýar. Menem çagalyk arzuwymy aýdaýynmy? Ýöne kiçijekkäm, her gezek arzuwymy birine gürrüň berenimde edişleri ýaly, gülmejek bolsaňyz aýtjak. Çagalykda asmandaky ýyldyzlaryň iň ýagtylarynyň, hiç bolmanda monjuk ýaly edip düzere ýeter ýalysynyň özümiňki bolmagyny çynym bilen arzuw ederdim. Hatda olaryň arasynda saýlap goýanlarymam bardy. Iň gowy görýänim-ä uly Ýedigendi (Ony şu wagtam gowy görýän). Multfilmlerde ýyldyzlara barlyşy barada görkeziläýse dagy, özümiňem bir gün şol arzuwyma ýetjegime çynym bilen ynanardym. Joralarym, synpdaşlarym arzuwlaryma hezil edip gülerdiler. Bir gezek dagy synpdaşym Batyr bilen ýyldyzlaryň üstünde tersleşdigem. Men-ä elimdäki žurnaldan Ýedigeni görkezip, şonuň meniňkidigini aýdýan, olam: «Ýyldyzlar biriniňki bolmaýar, olar hemmäňki» diýip, dawa edýär. Ahyrsoňy öýkeledim. Şol wagtam gapydan mugallymymyz geldi. Näme üçin tersleşenimizi bilensoňam, gapdalyma geçip oturdy-da, başymy sypalap: «Elbetde, ol seniňki. Jemile janyň ýyldyzlary olar. Ine, ulalyp, astronom bolansoň, ol ýyldyzlary öwrenerem, astronawt bolup, öz ýyldyzlaryna barybam geler» diýdi. Batyryň ýüzüne: «Nätdiň, eşitdiň dälmi?» diýip, buýsanç bilen seretdim. Şonda onuň maňa seredişinde gözügidijilik bar ýaly bolup göründi. Şol gün mekdepden gelenimde, ejem ýagdaýymy aňyp:

Bulary bilmek gyzykly

Abu Ali ibn Sinanyň «Kanun» eseri alty asyryň dowamynda Fransiýanyň we Italiýanyň uniwersitetleriniň lukmançylyk fakultetlerinde esasy gollanma hökmünde ulanylypdyr. * * *

Ýaraşmak

Ýelena Potapowa, rus ýazyjysy. «Ýagyş ýagmasa bolýar» — diýip, içinden gaýtalaýan Kolýa penjirä direnip durdy. Sebäbi bu gün ol kakasy bilen haýwanlary synlamaga gitmelidi, eger ýagyş ýagsa, olar öýde galmaly bolýardylar. «Bu adalatsyzlyk bolýar ahyryn, näme üçin dynç günleri howa gowy bolmaýarka?» — diýip, pikirlenip oturan oglanjyk howanyň bozulandygyna juda gynanýardy. Uzakly güni kakasy bilen bileje geçirmegi meýilleşdiren Kolýa, eger bu gün öýde galsalar, kakasynyň telewizora tomaşa etmek ýa-da kitap okamak bilen meşgullanjakdygyny bilýärdi.

Kim birinji?

Ir döwürde iňňe bilen sapak özara jedele başlapdyr. Gitdigiçe gyzyşýan jedel olaryň haýsy biriniň ähmiýetlilik taýdan birinji ýerde durýandygy barada eken. Sapak: — Men birinji ýerde durýaryn, sebäbi meniň sapaklarym matalary bir-birine sepleýär, netijede, berk hem owadan eşikler döreýär — diýipdir. Ondan kem galmajak bolýan iňňe-de haýbatly gürläpdir:

Dostlaryň söhbedi

Gadym zamanlardan bäri dostlugyny saklap gelýän Kislorod bilen Wodorod könäni ýatlamak üçin duşuşmak kararyna gelýärler. Duşuşyk güni ýetip gelende, dostlar bezenip-beslenip bellenen ýere barmalydylar. Ilki Wodorod geldi: — Beh, dostum näme eglenýärkä?! Elmydama gijä galyp gelmesi-hä bardyr welin, şonda-da geler çen-ä boldy — diýip, içini gepledip garaşyberdi.