Ýaraşmak

25 Awgust 2021
978

Ýelena Potapowa, rus ýazyjysy.

«Ýagyş ýagmasa bolýar» — diýip, içinden gaýtalaýan Kolýa penjirä direnip durdy. Sebäbi bu gün ol kakasy bilen haýwanlary synlamaga gitmelidi, eger ýagyş ýagsa, olar öýde galmaly bolýardylar. «Bu adalatsyzlyk bolýar ahyryn, näme üçin dynç günleri howa gowy bolmaýarka?» — diýip, pikirlenip oturan oglanjyk howanyň bozulandygyna juda gynanýardy. Uzakly güni kakasy bilen bileje geçirmegi meýilleşdiren Kolýa, eger bu gün öýde galsalar, kakasynyň telewizora tomaşa etmek ýa-da kitap okamak bilen meşgullanjakdygyny bilýärdi.

«Güneş».