"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan ylym-bilim baradaky dürdäne jümleler

Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek. Çünki ylymdaky kesgitleme hem gutarnykly netije däldir. Onuň subut edilmegi degişli ýagdaýa laýyklykda mümkindir. Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. ***

Bütindünýä welosiped güni

Çagalar, hany aýdyň, näçerägiňiziň 3 ýaşlyja jigiňiz bar. Bilýän, jigi köpiňizde bardyr. Ýöne maňa diňe 3 ýaşlyjalar gerek. Şeýle jigileri bolan okyjylarymyz aramyzda hökman bardyr. Dogry, olar heniz «Güneşi» okab-a bilenokdyrlar. Diňe suratlaryny synlaýandyrlar. Žurnalda çap edilýän gyzyklyja ertekilerdir hekaýalary, goşgulary bolsa olara siz okap berýänsiňiz. Menem üç ýaşly birini tanaýan. Ýöne onuň bir aýratynlygy, ol — baýramçylyk. Özem bütin dünýäde bellenilýän baýram — Bütindünýä welosiped güni. Bu baýram siziň üç ýaşlyja jigiňiz bilen bir ýylda dünýä geldi. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzi ilkinji gezek bu baýramy belledi. Özi-de, hut biziň ýurdumyzyň — Türkmenistanyň başlangyjy bilen. Hut şol ýyl dünýäniň iň iri guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýany kabul etdi.

Kino älemindäki üstünlikler

Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň, zehinli ýaşlarynyň arasynda «Aşgabat bahary» ady bilen gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny gurady. Oňa jemi 33 sany film hödürlenilip, olarda durmuş wakalary, Aşgabat şäherimiziň geçmişi we şu günki ösüşleri giňden açylyp görkezildi. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, kinofestiwalyň baş baýragyna «Meniň kakam» atly film mynasyp boldy. Onuň edebi esasyny Arslan Eýeberdiýew ýazdy, režissýory bolsa Nurýagdy Şyhyýew. Filmiň baş gahrymany Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Enaý Eýeberdiýewa bolsa «Iň gowy şekil döreden zenan keşbi» baýragyna mynasyp boldy.

Parahatçylyk: çagalaryň sesi

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek hem-de olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşige mekdep okuwçylarymyzyň ençemesi döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Olaryň işlerinde dost-doganlyga söýgi, ýurdumyzyň asudalygyna buýsanç, ösüşlerden-ösüşlere barýan Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy wasp edilýär. Bu bäsleşikde: I orna:

Parahatçylygyň Watany

Ýaňy mana düşünip başlan çagalyk döwrümden bäri aňymda galan «parahat, abadan» sözleriniň manysy meniň bilesigeliji çaga kalbymy örän gyzyklandyrýardy. Enem her gün: «Ilimiz abadan, ýurdumyz parahat bolsun!» diýerdi. Men bu sözlerde nähilidir bir keramatyň, gudratyň bardygyny bilýärdim. «Parahat we abadan sözleri nähili many aňladýar?» diýip, enemden sorardym. Enem jan başymy sypalap: «Oglum, bu sözlerde keramat bardyr. Haýsy ilde parahatçylyk bolsa, şol ilde döwlet bardyr, bagt bardyr» diýerdi. Soň bu gudratly sözleriň manysyna göz ýetirdim. Durmuşymda gaýtalanyp duran bagtly pursatlar enem janyň müň keren mamladygynyň kepilidir. Men her gün Watanymyň asuda gijelerinde ukymy ine-gana alyp, säher bilen oýanýaryn. Watan säheriniň özi bir gudrat! Çagalaryň şadyýan gülküleri abadançylygyň belent senasy bolup, kalbymyzy heýjana salýar. Töwerek-daşymyz bagy-bossanlyga bürenen. Baglarda saýraşýan bilbilleriň sesi bolsa parahatçylygyň mukamy bolup ýaňlanýar.

Goşgular çemeni

Günes Ýagtyldy Ýeriň ýüzi,Gün doganda haçanda.Açyldy gunça güller,Güneş nurun saçanda.

Çaga kalbynyň owazy

Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Dünýä belli Türkmenistan, bedew batly öňe barýar,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!Dost-doganlyk syýasaty, parahatlyk sazyn çalýar,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!

Beghanyň düýşi (Hekaýa)

Beghanyň bu gün ýüzünden gar ýagýar. Keýpi ýok. Ýüzi salyk. Gussaly. Okuw torbasam agyr, şeýle bir agyr, şeýle bir agyr. Ol edil içi kitap-depderli torba däl-de, dagdan bir bölek daş göterip gelýän ýaly. Ol şeýle agyr ýüki henize çenli göterip görmändi. Munuň sebäbi oňa aýan. Beghan bu gün sapakdan pes baha aldy. Mekdebe ýaltalyk edip, sapaklaryna taýýarlanman, hiç zat okaman gelipdi. Agyr torba Beghany halys ýadatdy. Şeýle bolansoň, ol dynç almak isledi. Her günki gatnaýan ýolunyň ugrunda ýerleşýän seýilgähdäki oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Içi pes bahaly gündelik bilen öýe nädip barjagy, hiç kime görünmän, öz otagyna nädip girjegi hakda oýlandy. Öýündäkilere bildirmejek bolsa-da, olaryň torbanyň agyrdygyny aňşyrjakdyklary, içinde nämäniň bardygyny bilmek üçin ony dörjekdikleri hakda oýlandy. Oýlandygyça, öňküden-de beter keýpi gaçdy.

Daragt we guşjagazlar (Hekaýa)

Akar ýabyň bir gyrasynda gür şahalary we ownujak ýaşyl öwsüp duran ýaprajyklary bilen daş-töweregindäki ownuk-uşak gyrymsy agaçlardan saýlanyp duran bir beýik daragt ösüp oturan eken. Töwerekde şondan başga uly bag bolmansoň, uçup barýan guşlar bu daragtyň şahalaryna gonup, dem-dynç almagy gowy görýän ekenler. Soňra guşlar onuň berk şahalarynda höwürtgelerini gurupdyrlar. Gün-günden bu daragtda mesgen tutunan guşjagazlaryň sany köpelipdir. Guşjagazlar daragt ýekesiremez ýaly saýrap, oňa aýdym aýdyp berýän ekenler, ony zyýanly mör-möjeklerden, gurçuklardan goraýan ekenler. Birnäçe ýyllap ýekelikde ýaşan bu daragt guşlaryň göçüp gelmegi bilen has-da berkäpdir, ýapraklary gürelipdir. Ýyl-ýyldan onuň ýaşaýjysy köpelipdir, guşjagazlar jürküldeşip, şahadan-şaha böküşip, mör-möjekleri tutup, jüýjelerine iým berip, uçup-gonup, bagtyýar durmuşda ýaşaberipdirler.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Zehinli çagalarymyzyň çeken bu suratlarynda tebigat gözelliklerimize, milli gymmatlyklarymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza uly buýsanç bar. Olar eserlerinde yhlas bilen reňkleri ýerlikli ulanyp, özboluşly eserleri döredipdirler.

Bagtyýarlyk mekany

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çagalara ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary barada başlangyç bilim bermek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz hem-de medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bu medeni-köpçülikleýin çärä paýtagtymyzdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň baýramçylyk çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Soňra körpeler çagalar bagynda öwrenen goşgularydyr aýdymlary, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlap taýýarlan gysgajyk sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Tapawutlanyp çykyş eden çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çagalar awtoşäherçesiniň okuw otaglarynda körpelere ýol hereketiniň düzgünlerini görkezme esbaplar arkaly düşündirdiler we kino zalynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada multfilmler, wideoşekiller görkezildi. Dabaranyň ahyrynda çag

Ýangyndan ägä boluň!

Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek her birimiz üçin hökmany berjaý edilmeli zerurlykdyr. Ot bilen seresaply bolmagyň endiklerini ele almak, munuň özi raýatlaryň, ozaly bilen, mähriban çagalar, siziň jan saglygyňyzy goramak ugrundaky möhüm işleriň biridir. Şuny nazara almak bilen, žurnalyň şu sanynda size ýangyn howpsuzlyk kadalary hem-de ýangyn dörän halatynda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada suratlaryň üsti bilen düşünje bermegi maksat edindik.

Diller dünýäsi

Çagalar, bilýäňizmi, dil öwrenmek size dünýäniň ençeme ýerlerinden dost tutunmaga, ertekilerdäki gahrymanlaryňyzyň sanynyň köpelmegine, iň esasy bolsa, siziň juda başarnykly adam bolup ýetişmegiňize ýardam berýär. Kiçijikdigine garamazdan, eýýäm ençeme dilleri özleşdirmegi başarýan käbir deň-duşlaryňyzyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlamagynda guralan ýörite sapaklara gatnaşyp, olaryň beren gyzykly gürrüňlerini size ýetirýäris. Ýedi ýaşda dördünji dili öwrenmäge başlady

Bina gurmak — sungat

Ahmediň ähli pikiri geçen agşamky tomaşa eden kinofilmindäki belent jaýlar bilen baglanyşyklydy. Ol köpgatly jaýlaryň bir gapdala gyşarman, ýykylman saklanýandygyna haýran galýardy. Şu pikirlere berlip, wagtyň nähili geçenini hem duýmadyk Ahmet okuwdan çykyşyna binagär daýysy Berdi aganyň ýanyna howlugdy. Oglanjyk daýysyna berjek sowallaryny öňünden taýynlap goýupdy.

Özüň ýasa!

Gerekli esbaplar: Reňkli kagyz, 2 sany çöp, ýelim, ikitaraplaýyn we adaty ýelimbag (skotç), monjuk düzülen kiçiräk rezin. Taýýarlanylyşy: Reňkli kagyzy uzynlygyna iki bölege bölüp, ýüzüne islegiňize görä şekiljikleri çekmeli. Olaryň her birini suratdaky ýaly deňje eplemeli we iki bölek eplenilen kagyzy biri-birine ýelimläp birleşdirmeli. Soňra kagyzyň aşagyndan 3 santimetr ýer goýup, daşyndan ýelimbagy aýlamaly. Eplenilen we aşagy ýelimlenen kagyzyň her gapdalyna bir çöpjagazy ikitaraplaýyn ýelimbag arkaly birleşdirmeli. Çöpjagazlaryň boýy kagyzyňkydan birnäçe santimetr uzyn bolmaly. Monjuk düzülen rezin bolsa ýelpewajy açanyňyzda we ýapanyňyzda berkidip goýmak üçin gerekdir.

Peýnirli dolama

Gerekli önümler: 3 sany lawaş, 100 gram peýnir, 1 sany ýumurtga. Taýýarlanylyşy: Ilki bilen, ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrmaly we peýniri gyrgyçdan geçirmeli. Soňra taýýarlanan peýnir bilen ýumurtganyň sarysyny bir gaba salyp, gowuja garyşdyrmaly. Lawaşymyzy alyp, ony 8 sany üçburçluk şekilindäki böleklere bölmeli. Soňra her lawaş böleginiň inli tarapynyň gyrasynda bir çemçe peýniri keseligine, uzynja şekilde ýerleşdirmeli-de, emaý bilen lawaşy dolamaly. 1-2 aýlawdan soňra lawaşyň gyralaryny içine eplemeli we bişirilende açylmaz ýaly, lawaşyň gyralaryna ýumurtganyň agyny çalmaly. Gyzyp duran ýagly saja seresaplyk bilen lawaşly dolamalaryňyzy atyp, ähli tarapyny deňje gyzartmaly. Gyzaryp bişen dolamalary artykmaç ýagy siňer ýaly, içine kagyz süpürgiç düşelen gaba salmaly. Olary 5-10 minutdan soňra saçak başyna alybermeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Dorogly işdäaçar

Gerekli önümler: 2 sany hyýar, 7-8 sany rediska, 4 nahar çemçesi dogralan arpabadyýan, 400 gram dorog, 4 nahar çemçesi gatyk (gaýmak), islegiňize görä duz. Taýýarlanylyşy: Gök önümleriň hemmesini ýuwup, arassalap, dörtburç şekilde ownujak dogramaly. Soňra olary bir gaba salyp, islegiňize görä duzlap, üstüne dorog bilen gatygy goşup, gowuja garmaly. Taýýar bolan özboluşly tagamly işdäaçary saçaga alyp bilersiňiz.

Ýaý atmagyň ussady

2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy döredildi. Şol günden bäri hem ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Türgenleşiklerde nyşana dogry çenemek, eliň myşsalaryny güýçlendirýän we uzak aralykdan atmak başarnygyny kämilleşdirýän dürli maşklar jemlenendir.

Atly sportuň ezberi

Ulus-ilimiziň ykbalyndaky nurana bedewlerimiziň at-owazasy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen älem-jahana ýaň salýar. Arzuwlara ganat berýän ahalteke bedewleriniň şöhraty bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Atçylyk sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýewdir. Ol üç ýyl bäri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanyp gelýär. Dogany Begli Garajaýewden at münmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwrenen Ýazgeldi konkur boýunça ussat türgenleriň biri bolan Nikolaý Beglarýandan behişdi bedewi bilen öňde duran päsgelçilikden şowly geçmegiň, bäsleşik wagtynda atyň üstünde özüňi erkin alyp barmagyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Halkara surat bäsleşigi

Çaga kalby — päkligiň, tämizligiň nusgasy. Çagalaryň özboluşly hem gyzykly dünýäsi bar. Muny biz Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda yglan edilen «Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşigine hödürlenen işleri synlanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Halkara derejesindäki surat bäsleşigi nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça geçirilip, oňa çagalar hem-de ýetginjekler 7 — 11, 12 — 16 ýaş aýratynlyklary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan çagalar bilen bir hatarda çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan, umumybilim berýän mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň çeken suratlarynyň 350-ä golaýy, dünýäniň 15 ýurdundan jemi 1373 çeperçilik işleri hödürlendi.