Kino älemindäki üstünlikler

23 Iýun 2021
1331

Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň, zehinli ýaşlarynyň arasynda «Aşgabat bahary» ady bilen gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny gurady. Oňa jemi 33 sany film hödürlenilip, olarda durmuş wakalary, Aşgabat şäherimiziň geçmişi we şu günki ösüşleri giňden açylyp görkezildi. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, kinofestiwalyň baş baýragyna «Meniň kakam» atly film mynasyp boldy.

Onuň edebi esasyny Arslan Eýeberdiýew ýazdy, režissýory bolsa Nurýagdy Şyhyýew. Filmiň baş gahrymany Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Enaý Eýeberdiýewa bolsa «Iň gowy şekil döreden zenan keşbi» baýragyna mynasyp boldy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.