Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek hem-de olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşige mekdep okuwçylarymyzyň ençemesi döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Olaryň işlerinde dost-doganlyga söýgi, ýurdumyzyň asudalygyna buýsanç, ösüşlerden-ösüşlere barýan Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy wasp edilýär. Bu bäsleşikde:
I orna: