Parahatçylygyň Watany

23 Iýun 2021
1172

Ýaňy mana düşünip başlan çagalyk döwrümden bäri aňymda galan «parahat, abadan» sözleriniň manysy meniň bilesigeliji çaga kalbymy örän gyzyklandyrýardy. Enem her gün: «Ilimiz abadan, ýurdumyz parahat bolsun!» diýerdi. Men bu sözlerde nähilidir bir keramatyň, gudratyň bardygyny bilýärdim. «Parahat we abadan sözleri nähili many aňladýar?» diýip, enemden sorardym. Enem jan başymy sypalap: «Oglum, bu sözlerde keramat bardyr. Haýsy ilde parahatçylyk bolsa, şol ilde döwlet bardyr, bagt bardyr» diýerdi. Soň bu gudratly sözleriň manysyna göz ýetirdim. Durmuşymda gaýtalanyp duran bagtly pursatlar enem janyň müň keren mamladygynyň kepilidir.

Men her gün Watanymyň asuda gijelerinde ukymy ine-gana alyp, säher bilen oýanýaryn. Watan säheriniň özi bir gudrat! Çagalaryň şadyýan gülküleri abadançylygyň belent senasy bolup, kalbymyzy heýjana salýar. Töwerek-daşymyz bagy-bossanlyga bürenen. Baglarda saýraşýan bilbilleriň sesi bolsa parahatçylygyň mukamy bolup ýaňlanýar.

Baýy HOJAMYRADOW,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy.