Çaga kalby — päkligiň, tämizligiň nusgasy. Çagalaryň özboluşly hem gyzykly dünýäsi bar. Muny biz Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda yglan edilen «Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşigine hödürlenen işleri synlanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Halkara derejesindäki surat bäsleşigi nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça geçirilip, oňa çagalar hem-de ýetginjekler 7 — 11, 12 — 16 ýaş aýratynlyklary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan çagalar bilen bir hatarda çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan, umumybilim berýän mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň çeken suratlarynyň 350-ä golaýy, dünýäniň 15 ýurdundan jemi 1373 çeperçilik işleri hödürlendi.