Akar ýabyň bir gyrasynda gür şahalary we ownujak ýaşyl öwsüp duran ýaprajyklary bilen daş-töweregindäki ownuk-uşak gyrymsy agaçlardan saýlanyp duran bir beýik daragt ösüp oturan eken.
Töwerekde şondan başga uly bag bolmansoň, uçup barýan guşlar bu daragtyň şahalaryna gonup, dem-dynç almagy gowy görýän ekenler. Soňra guşlar onuň berk şahalarynda höwürtgelerini gurupdyrlar. Gün-günden bu daragtda mesgen tutunan guşjagazlaryň sany köpelipdir. Guşjagazlar daragt ýekesiremez ýaly saýrap, oňa aýdym aýdyp berýän ekenler, ony zyýanly mör-möjeklerden, gurçuklardan goraýan ekenler. Birnäçe ýyllap ýekelikde ýaşan bu daragt guşlaryň göçüp gelmegi bilen has-da berkäpdir, ýapraklary gürelipdir. Ýyl-ýyldan onuň ýaşaýjysy köpelipdir, guşjagazlar jürküldeşip, şahadan-şaha böküşip, mör-möjekleri tutup, jüýjelerine iým berip, uçup-gonup, bagtyýar durmuşda ýaşaberipdirler.