Aýlawlarda «atyň çyksyn!»

25 Awgust 2021
951

Aýlaw. Bu söz hakydaňa dolanda türkmeniň ajaýyp toýhanasy göz öňüňe gelýär. Ol ähli döwürde-de halkymyzyň ykbalynda toý mekany bolupdyr. Aýlawda «Pylanynyň aty çykdy» diýilse, aty çykanyň obasyna, iline uly abraý, mertebe, dereje gelipdir. Türkmen üçin «atyň çykdy» diýlen söz hoş habar dek çar ýana ýaýylýar.

Ýurdumyzda uludan tutulýan toý-tomaşalarda at çapyşyklarynyň geçirilýändigini hemmämiz bilýäris. Şeýle ýaryşlarda deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýan ýaş çapyksuwarlaryň biri hem Aşgabat şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Işanguly Babalyýewdir. Işanguly ata-baba däp bolan mukaddes ýoly dowam etdirmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýar we her gün Aşgabat atçylyk sport toplumyna gelip, öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk görýär. Ýaş türgen ynsan gylykly bedewlere ideg etmegi, olar bilen dostlaşmagy we çapuw ýodasynda, çapyşyk wagtynda ata erk edip, «dil tapyşmagy» öz atasyndan — Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Orazguly Babalyýewden hem-de kakasy Enwerguly Babalyýewden öwrenýär.

Gülşat AHUNOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.