Täsin kitaplar

23 Iýul 2021
1875

Çagalar, «kitap» diýlende siz içine hat ýazylan, suratlar bilen bezelen köp sahypaly adaty kitaplary göz öňüňize getirýänsiňiz. Emma bu sahypada biz sizi adaty kitaplardan üýtgeşik, täsin kitaplaryň birnäçesi bilen tanyşdyrmakçy.

«Well Done» atly täsin kitap dürli tagamlaryň taýýarlanylyş usullarynyň ýygyndysydyr. Bu kitabyň bir aýratynlygy bar — onuň sahypalarynda ýekeje söz hem ýokdur, diňe içi boş gap-gaçlaryň suratlary bar. Kitaby okamak üçin, ilki bilen, ony ýörite gyzgyna çydamly kagyza dolap, 100 ºC-a çenli gyzdyrylan howurpeçde «bişirmeli». Diňe şondan soň kagyzyň ýüzündäki hatlar ýüze çykýar, boş gaplaryň içinde bolsa dürli tagamlaryň suratlary peýda bolýar.

Akmyrat KERIMOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.