Saza öwrülen agaç (Hekaýa)

23 Iýul 2021
1302

Mekdebe gidýän ýola düşen Mäligi gören wakasy hem geň galdyrdy, hem gülküsini tutdurdy. Parlap-parlap barha ýokary göterilýän Günüň ýiti zirelerine gözüni ýumjukladyp, hezil tomaşa duşan ýaly birsellem durdy. Giň ýoluň sol ýüzünden seteran tutup, tä mekdebiň bärsine çenli uzaýan bagçylygyň içindäki dürli guşlaram säherdäki saýramasyny pessaýladyp, Mäligiň gözüdir gulagyny baglan hezillige tomaşa edýän ýalydy. Diňe bu zatlara pitiwa etmeýän ýaly, obanyň içinden ýognas sesli köpekleriňdir towuk-jüýjeleriň, mal-garalaryň sesi sazlaşyp gulaga gelip durdy.

Küren obanyň içinden geçýän ýol bilen pada-sygyr sürüsi barýardy. Ýuwaş ýabyny münen çopan süriniň yzyndan hiňlenjiräp gelýärdi. Şol wagtam bir ýerlerden dutaryň sesi gulaga degdi. Ilki pessaý çalynsa-da, gapaga degýän elleriň barha batlanýandygy sazyň hörp alşyndan bildirýärdi. Ol güýçlendigiçe-de, çopanyň hereketi haýallaýardy. Ol ilki jylawy berk çekip, owaz gelýän tarapa gulak gerdi. Soňam ýabysyny özi bilmezden ses gelýän tarapa debsiledi. Sygyrlar bolsa örä ýetmäge howlugýardy. Dutaryň sesine ýüpsüz baglanan çopan eýere çüýlenen ýaly bolup, saza şeýle bir gulak geripdi welin, dünýäde başga zat bardyr öýdenokdy. Çopanyň deňesine ýeten Mälik ony dürtdi:

Gur­ban­na­zar ORAZ­GU­LY­ÝEW,
ýa­zy­jy.