Bir gün mekdepde okuw dersleri tamamlanandan soň, dostlarym bilen ýoluň ugrundaky meýdançada oýnamagy makul bildik. Okuw ýylynyň başydy. Guwanç atly dostum bilen meniň okuw torbam hem gaty meňzeşdi. Ikimiz bir synpda okanymyz üçin synpyň içinde-de kähalatlar bilmezden, özümiňkidir öýdüp, onuň okuw torbasyny göteren wagtlarym hem az bolmaýardy.
Men öýe howlugýandygymy aýdyp, daş-töweregime garanjakladym.