Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip düzülen we durmuşa geçirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, kämil, döwrebap saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Bu ugur boýunça durmuşa geçirilen giň möçberli işler, gazanylýan beýik sepgitler dünýäni haýran galdyrýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyryp, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan netijeleri düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri öňe sürlüp, bu ugurlarda aýdyň ýol-ýörelgeler kesgitlenildi. Olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýaş nesiller hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem sazlaşykly ösýän, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn orun berilýär. Gysga döwrüň içinde dürli agyr ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy, käbirleriniň düýbünden ýok edilmegi, çagalara ençeme saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, şol sanda ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlarynyň mugt geçirilmegi berkarar döwletimiz we mähriban döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilýän taýsyz tagallalaryň öň hatarynda orun alýar. Şeýle hem ýurdumyzyň sapaly künjekleri bolan Köpetdagyň sergin jülgelerinde, gojaman Hazaryň asuda kenarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ak mermere bürenen döwrebap çagalar edaralarynyň, orta we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi güneşli Diýarymyzda yzygiderli öňe ilerleýän beýik işleriň ajaýyp nusgalaryndandyr. Ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalara, olaryň saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün edilmegine hem aýratyn üns berilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklary, täze gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde saglyklaryny dikeltmekleri üçin hormatly Prezidentimiz uly tagallalary edýär.