Mähriban ýurdumyz Türkmenistanyň adynyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolanyna şu ýyl otuz ýyl bolýar. Mundan otuz ýyl ozal bolup geçen waka — ýurt garaşsyzlygynyň yglan edilen senesi hiç mahal unudylmaz. Öz akylymyza, öz güýjümize daýanyp amala aşyrmaly ýene örän köp işlerimiziň şondan soň başlanandyr, bu işler taryhy işlerdir. Iňňän jogapkärli işler! Örän uly paýhasy, örän ýokary başarjaňlygy talap edýän işler! Halkyň hem ýurduň ykbalyna gös-göni dahylly işler! Halkyň hem ýurduň ykbalyny belende göterýän işler!
«Garaşsyzlyk» sözüniň dilimizde aýratyn orny bar. Biz bu sözi dilimizden düşürmeýäris. Oňa hemişe-de mukaddes söz hökmünde garap gelendiris. Garaşsyz ýurduň gujagynda bu sözüň örän giň, örän çuň manysyna barha aýdyň göz ýetirilýär.