Ýurt Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren bagtyýarlygy her günümizi şan-şöhrata besleýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Biz — ýaş nesiller, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň hözirini görüp ýaşaýarys we okaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň oňyn netijeleri kalbymyzdaky beýik ynamy — Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjymyzy joşdurýar.
2021-nji ýylymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen dowam edýär. Agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda parahatçylygy, jemgyýet jebisligini dabaralandyrýan synmaz güýç — berkarar döwletlilikdir. Munuň sakasynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyz durandyr. Garaşsyzlyk ýüreklerde bagtyýar geljege bolan aýdyň ynamy, mizemez söýgini gülledýän mukaddes derejedir. Bu ajaýyplykdan nesibelidigimiz üçin biz — ýaşlar ykbaly çüwen nesillerdiris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda köňüllerimize şatlyk nuruny bagyşlaýan Garaşsyzlyk baýramymyzyň dabarasy, at-owazasy dünýä dolsun! Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bellenilýän ýylda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toýlarymyz toýa ulaşsyn!