Biz on-on iki ýaşlaryndaky oglanlardyk. Özümizem obamyzdaky mekdebiň golaýynda ýaşaýardyk. Mekdebiň demirgazyk tarapynda tejribe-ekin meýdançasy bardy. Ol ýer okuwçylaryň zähmet, biologiýa sapaklarynda uly gyzyklanma bilen ekinlere ideg etmegi, zähmet gurallaryny we olardan peýdalanmagy öwrenýän, işe höwes bilen werziş bolýan, taplanýan mekanydy. Dürli bakja ekinleri ekilýärdi.
Bahar günleriniň birinde Oraz, Çary, Nazar dördimiz şol ýerlerde ot ýygyp ýördük. Şonda bir çetiniň yk tarapynda ýerleşen höwürtgä gözümiz düşdi. Höwürtge yhlas bilen sünnälenip gurlupdyr, içinde bolsa dört sany, daşy gara-goňur tegmilli enaýyja ýumurtgalar bar. Höwürtgäni ilki gören Oraz: