Onuň çagalykdan dürli şekiljikleri kagyz ýüzünde suratlandyrmak gyzyklanýan güýmenjesidi. Bu höwes ony Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölümine okuwa getirýär. Zehinli gyzjagaz Ogulniýaz Orazmuhammedowa ýerine ýetirýän özboluşly döredijilik eserleri bilen tapawutlanýar. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň «Parahatçylyk — çagalaryň sesi» ady bilen yglan eden nakgaşçylyk bäsleşiginde I orna, çagalaryň arasynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Daşkendiň şatlygy» atly VIII halkara bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünlikleri zehinli gyzyň şekillendiriş sungatyna bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol okamaga, hünär öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza çaga kalbyndan alkyşlar aýdýar.