Gadyrly çagalar, gyş paslynda her bir adam saglygyny goramaklyga aýratyn ünsli bolmaly. Özümiziň we töweregimizdäkileriň saglygyny goramak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmak, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmak, köpçülik ýerinde howpsuz aralygy saklamak ýaly gaýragoýulmasyz talaplary yzygiderli we dogry berjaý etmeli. Gyş möwsüminde adamlaryň durmuşynda şikeslenme hadysalary hem duş gelýär. Muňa sebäp bolýan ýagdaýlar, esasan, ýeriň, ýollaryň doňup, sürçeklenmegi, typançak köwüşleriň geýilmegi, gündizleriň gysgalyp, günüň garaňky wagtynyň agdyklyk etmegidir. Şikeslenme hadysalarynyň arasynda-da kelle çanak-beýni şikesi, el-aýak süňkleriniň döwülmegi we garyşyk şikesler köp gabat gelýär.
Ilkinji garyň ýagmagy bilen saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýan şikesli adamlaryň sany ýokarlanýar, olaryň 15 göterim töweregi sypjyrmak we süňk döwükleri bilen, 10 göterim töweregi çykyklar bilen baglanyşyklydyr. Bu möwsümde gar atyşyp oýnaýan çagalaryň gözüne gar tozgasynyň düşmegi zerarly, göz şikeslenmesi hem ýüze çykýar. Bularyň öňüni almak üçin zerur düzgünleri berjaý etmek esasy talap bolup durýar.