(Hekaýa)
Köp kişiniň gurjak bolasy gelýär. Owadanja gyz görseler «gurjak ýaly» diýýärler. Ýöne biriniň elinde oýunjak bolmak ýaly erbet zat ýok. Men muny gurjak bolamsoň bilýän. Käte çagalar islän gününe salýarlar welin, meniň aglaberesim gelýär. Iň bärkisi, maňa näme geýdiresleri gelse geýdirýärler.