«Arkadag» ýyldyzynyň şuglasy

5 Awgust 2024
798

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki halkara at-abraýynyň, şan-şöhratynyň günsaýyn ýokarlanýan, dabaralanýan ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýyldyzlar tebigaty boýunça bize ýakyn bolan Güne meňzeşdir. Olar gyzgyn gazlardan durýan we öz-özlerinden ýagtylanýan uly göwrümdäki asman jisimlerdir. Ýyldyzlar Gündenem has uzakda ýerleşýändigi üçin olar teleskopda ýylpyldaýan nokatlar ýaly bolup görünýärler.

Enesoltan GURBANDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.