(Hekaýa)
Amanjyk bu gün mekdepden öýlerine ýetmäge howlugýardy. Munuň hem sebäbi kakasy dükandan futbol oýnalýan pökgi getirmegi söz beripdi. Ol hemişe bile gaýdýan ýoldaşlaryna-da garaşman, haýdaşlap gelşine içinden dürli pikirleri edýärdi: «Kakam pökgi almaga meni hem alyp gidermikä? Şeýle bolsa, ol maňa garaşyp oturandyr. Ýa ol eýýäm pökgini getirip, öýde goýdumyka? Şeýle bolsa, ony jigilerimiň biri daşaryk alyp çykaýsa näme? Ulularyň biri depip, pökgimi ýaraýsa?». Amanyň gözleri tegelendi. Birdenem «Hi-iýh» edip, içini çekdi. «Birden pökgimi daşaryk alyp çykyp, ýitiräýseler näme? Men indi şunça wagtlap arzuw edip garaşan pökgimi görübem bilmerinmi?». Öz ýanyndan dürli pikirleriň içinde basga galyp barýan Aman birdenkä ylgaşlap ugrady.