Gözel tebigat – ylhama ganat

5 Awgust 2024
714

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy wagt geçdigisaýy lagly-göwheriň barha görk açyşy ýaly, täze döwrümiziň medeniýetinde äleme şöhle saçýar. Bu ruhy gymmatlygy hemmetaraplaýyn öwrenip, dünýä ýaýmak häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan möhüm wezipesidir.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper mirasynda tebigat hakyndaky şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Dogduk Diýara bolan belent söýgüden gelip çykýan ruhy lezzet şahyra ylham beriji çeşme bolupdyr. Şeýlelikde, şahyryň döwet galamynyň güýji bilen bu ugurda «Soňudagy», «Gürgeniň», «Hasar dagy», «Baglar, heý» ýaly birnäçe goşgular döräpdir. Alym Ahmet Bekmyradow «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly işinde türkmen halkynyň ilkinji gezek öz ýurdunyň keşbini, tebigat gözelligini Magtymgulynyň peýzažynda görendigini nygtap, bu ýagdaýyň şahyryň uly bir döredijilik hyzmatydygyny belleýär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.