«Bagtyýar nesilde» sapaly dynç alyş

5 Awgust 2024
575

Edil Akpamyjagyň kökejigi ýaly ulagymyzyň tigirleri tigirlene-tigirlene bizi ertekilerdäki ýaly bagy-bossanly, goýny salkyn saýaly, ýodalary gül-lälezarly, serhowuzly bir ajap jaýa — «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine «hä» diýmän ýetirdi. Bu döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýär.

Şol mahal Asman gümmeziniň gündogar erňeginden ýarmaşyp, Göge galyp ugran Güneşiň ýalbyrap dogmasy körpejeleriň gubarsyz ýylgyryşyny ýadymyza saldy. Lummurdap akýan Şabadyň tolkunlaryndaky şadyýanlyk, şähdaçyklyk «äheňleri» gulagymyza hoş owazly mukam bolup eşidildi. Şeýle goýny sapaly, howasy jana şypaly, şabrama derekli Şabat boýlarynda ýerleşýän bu gözel künjekde arly tomus bagtyýar nesiller sapaly dynç alýarlar.

Gurban GURBANOW,
žurnalist. Surata düşüren Allanur SAPAROW.