Seniň hatyň owadanmy?

9 Oktýabr 2024
595

Size-de şeýle sowal berilýärmi?! «Seniň hatyň owadanmy?». Köplenç mekdepde hatlaryny owadan, gelşikli ýazýan synpdaşlaryma gözüm gidýärdi. Öz hatymyň hem owadan bolmagy üçin yhlasly çemeleşdim. Şeýlelikde, men «Owadan ýazuw» atly bäsleşige gatnaşyp, Hormat hatyna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşmak hat-ýazuwymyň owadan bolmagyna mende uly höwes döretdi. Men enemlere baranymda, ýeňiji bolandygymy hem Hormat haty alandygymy aýtdym welin, enem maňa: «Berekella oglum, ýeňşiň dowamly bolsun!» diýdi. Men: «Ene, siziň hem hatyňyz owadanmy?» diýip soranymda, ol maňa: «Men saňa häzir Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan serime gelenleri ýazyp görkezeýin. Şonda sen meniň hatymyň nähilidigini görersiň» diýdi. Enem Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusyny ýazdy. Dogrudanam, enemiň haty diýseň owadan ekeni. Soňra enem maňa gadymy döwürlerde hatdatçylyk sungatynyň ösendigi barada gyzykly gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şol döwürlerde patyşalaryň köşgünde hat-ýazuwdan başy çykýan ýörite hünärmenler bolup, olar goňşy döwletlere hat ugradanlarynda hatlary owadan ýazuwlar bilen ýazyp ugradýan ekenler. Bu hünärmenler hat-ýazuwyna ökde bolup, her gün diýen ýaly hatlarynyň owadan bolmagy üçin türgenleşipdirler.

Enem maňa «Oglum, seniňem hatyň hemişe owadan bolsun! Hatyň owadan bolmagy seniň köňlüň hem ýüregiň owadanlygyndan habar berýär» diýdi. Enemiň gadymy hatdatçylyk sungaty barada beren gürrüňlerini diňläp oturyşyma, özümem şol hatdatçylar ýaly owadan hatlary ýazmak isledim. Eýsem-de, owadan hat-ýazuwyň adamyň ruhy dünýäsiniň owadanlygyny açyp görkezýän bolsa, geliň, hatlarymyzy hemişe owadan ýazalyň! Belki, hatymyz ýaly ruhy dünýämiz, geljegimiz hem owadan bolar. Eýsem-de, seniň hatyň owadanmy?!

Döwlet DURDYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň okuwçysy.