Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

9 Oktýabr 2024
504

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

Allaberdi HAÝYDOW, «Gysgajyk hekaýalar». Eger heniz okap görmedik bolsaňyz, kitapdaky hekaýalaryň näderejede gysgadygy barada şeýle maglumat bermek isleýäris: kitapdaky hekaýalaryň sany onuň sahypalarynyň sanyndan kän. Has takygy, bary-ýogy 20 sahypalyk kitapdan 23 sany hekaýa okap bilersiňiz. Bu diýildigi, sapaklaryň arasyndaky arakesme-de hem birküç hekaýa dagy okap bilersiňiz diýdigimiz. Özi hem Allaberdi Haýydowyň hekaýalaryna bir mahsus aýratynlyk bar. Tebigat — olaryň baş temasy. Tebigat — ýazyjynyň ylham çeşmesi. Şonuň üçin hem bu çaklaňja kitap sizi tebigatyň gözel künjeklerine syýahata alyp gider. Bu syýahatda ukuçyl pyşdyla, adamlary aldaýan salgyma, gep gezdirýän tilkä, surat çekýän şagala, ýeserje gaza we başga-da köp janly-jandarlara gabat gelersiňiz. Olar baradaky hekaýalar gysgajyk bolsa-da, özüne çekiji. Kitap siziň okaýan mekdebiňiziň kitaphanasynda-da bardyr. Gysgajyk hekaýalar sizi uly dünýä bilen tanyşdyrar.

Altyn AKYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory.