Şu günler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Suborno Isaak Bari hakyndaky maglumatlar okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. 12 ýaşly oglanjyk şu ýyl Malwern şäherindäki orta mekdebi iň ýaş uçurym bolup tamamlady. Ol mekdebiň gutardyş synagynda berlen matematik hasaplamalaryň we IQ testleriň mümkin bolan 100 utugyndan 98-sini gazanmagy başardy. Suborno Isaak Bari 14 ýaşyny dolduryp, ýokary okuw mekdebine girmegi meýilleşdirýär, häzirden synaglara taýýarlanýar.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyna degişli mekdepde asly bangladeşli bolan zehinli oglanjyk ähli synplary doly okap, orta bilim hakyndaky şahadatnamany aldy. Ýöne ol munuň üçin her ýylyň soňundaky synpdan-synpa geçiş synaglaryny tabşyrmaly boldy. Adatdan daşary zehinli oglanjyk matematikany we tebigy ylymlary özleşdirip, indi ýokary bilim almak isleýändigini aýdýar. Aslynda, Suborno Isaak Bari 2 ýaşyndaka Mendeleýewiň düzen himiki elementleriniň jedwelini ýatdan bilipdir. Eýýäm 7 ýaşynda kollejleriň umumy sapaklaryna gatnaşyp, şol ýerde geçilýän sapaklara düşünipdir, özleşdiripdir. Matematikany, fizikany we tebigy ylymlary juda gowy bilýändigi üçin bolsa, oňa «ikinji Eýnşteýn» ýa-da ýaş «geniý» (wunderking) diýýärler.