«Çagalar dünýäsi» täsin monumental-haşam heýkelleri özünde jemleýär

9 Oktýabr 2024
452

Bagtyýar zamanamyzda ýaşaýan bagtly çagalaryň wagtlaryny gyzykly, şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaş nesiller üçin köpsanly medeni we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ine, şeýle merkezleriň biri-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XX ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan «Çagalar dünýäsi» söwda-dynç alyş merkezidir. Öz binagärlik gurluşy taýdan bu desga golaýynda ýerleşýän Türkmen döwlet gurjak teatrynyň binasyna çalym edýär. «Çagalar dünýäsiniň» amatly ýerde ýerleşmegi Watanymyzyň geljegi bolan bagtly çagalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

«Çagalar dünýäsi» gözbaşyny geçmişden alyp gaýdýan milli hem döwrebap äheňleri özünde jemleýän häzirki zaman binagärligiň nusgasydyr. Hususan-da, binanyň daşky bezegi ünsüňi özüne çekýär. Onuň daş-töwereginde köpsanly tanymal türkmen heýkeltaraşlary tarapyndan ençeme sungat eserleri oturdylypdyr. Binanyň öňünde oturdylan «Japbaklar» atly özboluşly heýkel eseriniň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, halypa suratkeş Aşyrmuhammet Kulyýewdir. Ol şadyýan Japbaklaryň keşbini diýseň jaýdar görkezmegi başarypdyr. Bürünçden ýasalan bu heýkel her bir ýaş nesli erjellige, tutanýerlilige, maksada okgunlylyga çagyrýar.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.