Gans Hristian ANDERSEN,
daniýaly ýazyjy.
Bir şazada bar eken, onuň hem şa gyzyna, onda-da hakyky şa gyzyna öýlenesi gelýär ekeni. Ol özüne gelinlik gözläp, bütindünýäni gezip çykypdyr, emma tapmandyr. Şa gyzlary näçe diýseň köpmüş, ýöne olaryň hakyky şa gyzydygyny ýa-da däldigini şazada bilip bilmeýärmiş. Ine, onsoň ol şa gyzyna hernäçe öýlenesi gelse-de, öýlenip bilmändir, gaýga batyp, öýlerine gaýdypdyr.