Mähriban çagalar, «Güneşiň» saglyk burçy» sahypasynda bu gezek size hoş habar bilen peýdaly maslahaty utgaşykly ýetirmegi makul bildik. Ol nähili diýýärsiňizmi? Aýtsam, çagalar, ol şeýle.
Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhana şu wagta çenli saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanylýan lukmançylyk serişdelerini, pamyklary, agyz-burun örtüklerini, başgaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini... öndürýär. Bilýäňizmi näme, indi «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar şu aşakdaky görnüşlerdir: