«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» diýlende, ata Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, ýetilen belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy wasp edýän ýaşajyk aýdymçy oglan-gyzlarymyz göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzyň ertiri, geljegi ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek, sungat äleminde has-da kämilleşdirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige diňe bir jigilerimiz däl, eýsem, hemmeler uly gyzyklanma bilen garaşýar. Ine, 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran mekdep okuwçylarynyň 21-si gatnaşdy. Türkmen milli lybaslarynda bezemen geýnüwli sahna çykan ýaşajyk aýdymçylarymyzyň biri şirin owazy bilen eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşlerini, özgerişlerini taryplasa, ýene biri tebigatymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini wasp etdi. Ýene biri bolsa bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny aýdymyň üsti bilen diňleýjilere ýetirdi. Ýaňlanýan aýdymlara sazlaşykly ýerine ýetirilýän tanslarda hem bagtyýar çaga dünýäsi giňden açylyp görkezildi. Saýrak bilbilleriň her biriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar ýaňlandy. Ýaşajyk saýrak bilbillerimiziň ýerine ýetirmeklerinde «Arkadag şäheri — bagt şäheri», «Arkadagly Serdarym», «Arkadagyň eserleri», «Magtymguly Pyragy», «Daglar», «Döwranyň aýdymy», «Çeşmejik», «Çap, bedewim», «Biz — bagtyýar körpeler», «Polat ýoly — dostluk ýoly», «Sumbaryň nary», «Ýaşlyk joşguny», «Bagy-bossan Watanym», «Diýarymda toý bu gün», «Ýazlarym bar» aýdymlaryny diňlemek ýaşajyk tomaşaçylar üçin diýseň ýakymly, täsirli boldy. Her bir zehinli aýdymçy sahna çagyrylanda, ýörite taýýarlanan wideogörnüşleriň görkezilmegi-de dabaranyň täsirli bolmagyna itergi berdi. Bu wideoşekillerde çagalar öz gyzyklanýan hünärleri barada, özleri hakynda gysgajyk aýdyp berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi bagtyýar zamananyň bagtly çagalarynyň ýürek owazyna öwrüldi.
Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Arslan Igliýew, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Perhat Babaýew, Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Begpolodowa, Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýhan Serdarow, Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Ataýewa, Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Abaýewa, Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Eziz Ýazgeldiýew dagylar zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.