"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Alym-arheolog W. M. Masson türkmen itleri dünýäde iň gadymy tohum itleriň biridir diýip hasaplaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistandaky gadymy Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde itiň toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Bu bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky ýyllary aňladýar. Alabaý itleriniň reňklerini Garagum çölünden alandyklary we olaryň suwsuzlyga, tebigatyň ýowuz şertlerine, güýçli sowuga we yssa çydamlylygy barada hem maglumatlara duş gelýäris. Taryhyň gowgaly günlerinde halkymyzyň at bilen birlikde iň ýakyn ýoldaşy alabaý iti bolupdyr. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiz itiň wepadarlygy, rehimliligi barada ençeme paýhas jümlelerini döredipdirler. Olary okanyňda, diňe bir itiň özüne däl, eýsem, it bilen bagly ýyla hem halkymyzyň arasynda aýratyn ähmiýet berilýändigine göz ýetirmek bolýar. Halkymyz berekedi, durmuş gowulyklaryny wepadar jandarlar at we it bilen baglanyşdyrypdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, olaryň käbirlerini mysal getireliň: “It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar”, “It ýyly ek, doňuz ýyly or”, “Üýrmesini bilmeýän köpek sürä gurt getirer”. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan getirilen bu mysallardan görnüşi ýaly, itleriň üýrýän sesiniň hem sürini, öýi, obany, syrgyny goramakda uly ähmiýeti bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda şeýle rowaýat getirilýär:

Agyz-burun örtüginiň ähmiýeti

Ýaz paslynyň gelmegine garamazdan, howanyň düzümindäki himiki maddalaryň kadadan artyk saklanýandygy barada habar beriş serişdeleri häli-şindi habar berýär. Kesel dörediji ýokançlardan, howadaky tozanyň we tozgalaryň dem alyş ýollaryna düşmeginden goranmak üçin iň oňaýly, amatly, zyýansyz serişdäniň biri lukmançylyk agyz-burun örtügidir. Agyz--burun örtükleri ulanylanda, şu aşakdaky tertip-düzgünler berjaý edilse, saglygyňyza zyýan gelmez: - agyz-burun örtügi ulanylmazdan öň doly gözegçilikden geçirilip, zeper ýeten ýeri bolsa, ony ulanmaly däldir. Örtügi dakmazdan öň we soň elleriňizi sabynlap ýuwmagy unutmaň;

Kesbinden kemal tapan

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde her ýylda döwrebap enjamlaşdyrylyp, dünýä ülňülerine gabat gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmäge we berkitmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary hereket edýär. Şäher merkezlerinde we oba ýerlerinde saglyk öýleri halkymyza gije-gündiz hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlar, şepagat uýalary zähmet çekýärler. Şeýle saglyk öýleriniň biri-de etrabymyzyň Gökdepe geňeşliginde ýerleşýär. Bu ýerde biregne kyrk ýyla golaý tejribeli lukman Allaýar Bäşimow maşgala lukmany bolup, zähmet çekip gelýär. Lukman hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, her bir raýatyň saglygy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Ýüz tutup gelýän raýatlary güler ýüz bilen kabul edip, degerli bejergilerini we maslahatlaryny berýär. Lukmana oba raýatlarynyň alkyşlarynyň yzy üzülmeýär. Her bir adamdan lukman barada öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Şeýlelikde, il içinde mertebesiniň neneňsi belentligine göz ýetirýärsiň. — Hormatly Arkadagymyz biz — lukmanlara halypa hem görelde mekdebi bolup dur. Hemişe Arkadagymyzyň lukmançylyk tejribesinden nusga alyp, kärimizi söýüp, yhlasymyzy siňdirip zähmet çekýäris — diýip, Allaýar Bäşimow uly buýsanç bilen aýdýar.

Şatlyk-şowhuna beslenýär

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizilip, onda ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglyga bolan hukugy yglan edildi. Şeýlelikde, saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bu sene Garaşsyz döwletimizde-de giňden bellenilip, welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary, köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. “Saglygym — baş baýlygym” diýen ýörelgeden ugur alýan il-günümiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Saglyk gününiň şowhunly çäreleri halkymyza ruhubelentlik paýlaýar. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalaram şu sene mynasybetli medeni-sport çärelerini guramaçylykly geçirýärler. Olaryň wagyz-nesihat häsiýetli işler bilen utgaşdyrylmagy halkymyza sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýar bolmagyna ýardam edýär.

Oba adamlary hoşal

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy giň gerime eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gowulandyrmak barada edilýän tutumly işleriň mysalydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherdir obalarynda gurlup, ulanylmaga berilýän hassahanalar, dermanhanalar, oba saglyk merkezleri hem barha artýar. Şeýle oba saglyk merkezleriniň biri hem 2013-nji ýylda Tagtabazar etrap hassahanasynyň Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen Düldülahyr oba saglyk merkezidir. Bu oba saglyk merkezine Ahmet Tüňňiýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde iki sany oba saglyk maşgala meýdançasy bolup, 1-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Wepamyrat Agajanow, maşgala şepagat uýasy Senem Söýegowa, 2-nji maşgala meýdançasyna Ahmet Tüňňiýew, maşgala şepagat uýasy Nurgözel Ýagmyrowa hyzmat edýärler.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda „«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýilýänine eýerilip, ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar hereket edýär. Olarda her bir adam ak ýektaýly lukmanlaryň maslahatlary esasynda bejergi alyp saglygyny berkidýär. Lukmanlar saglygymyzy goramagyň öz elimizdedigini aýdyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigimizi yzygiderli nygtaýarlar. Olar her gün irden beden maşklarynyň ýerine ýetirilmeginiň gan aýlanyşygymyzyň gowulanmagyna, şähdimiziň açyk bolup, özümizi ýeňil duýmagymyza oňaýly täsirini ýetirýändigini aýdýarlar. Şeýle hem kadaly iýmitlenmegiň, gündelik iýmitimizde witaminlere baý bolan gök önümleri kabul etmegiň, ukyny ýeterlik almagyň saglygymyz üçin peýdalydygyny belleýärler.

Ýorunja

Ýorunja — bu kösükliler maşgalasyndan bolup, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Boýy 70-90 santimetr, dünýäde onuň 100-e golaý görnüşleri bar. Halk lukmançylygynda ýorunjany giňden ulanyp gelýärler. Hytaý lukmanlary gan basyşy ýokary näsaglara, maý aýynda ýygnalan ýorunjanyň ak güllerini çaýa garyp, demläp içmegi maslahat berýärler. Bu çaýy bir aýlap içen ýagdaýynda näsagyň gan basyşy kadalaşýar, kellagyrysy aýrylýar. Ondan başga-da halk lukmançylygy ýorunjanyň ýokarky bölegini, ak we gyzyl güllerini, ýokarky ýapraklaryny peşew çykaryjy we der getiriji serişde hökmünde ulanmagy maslahat berýär. Ýorunjanyň demlemeleri we gaýnatmalary, dowamly üsgülewükde, sowuklamada, gyzgynyň galanda peýda berýär. Ýorunja demlemesi ýürek, böwrek keselleriniň, gury agyrynyň çalt aýyrylmagyna gowy täsir edýär. Bu gün halk lukmanlaryň köpüsi ter ýorunjanyň şiresini allergiýa kesellerinde, ekzemada, deriň düwürtiklerinde ulanmagy hem maslahat berýärler. Demlemäniň taýarlanylyşy: 3 çaý çemçe serişdäni bir bulgur (200 milligram) gaýnag suwa demlemeli we bir sagat goýmaly. 50 milligramdan 4 gezek nahardan 20 minut öň içmeli. Aýbölek MELEŞOWA.

Saglyga peýdaly önümler

Bahar aýynyň gelmegi bilen adam bedeniniň witaminli, minerallary saklaýan önümlere talaby has-da artýar. Şonuň üçin köp adamlarda witamin we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli dowamly keselleriň gozgamagy mümkin. Ýaşaýan we işleýän ýerine baglylykda adam bedeniniň iýmit önümlerine bolan talap edijiligi dürlüdir. Adam iýýän iýmitine baglylykda, ýokanç kesellerden we daşky gurşawyň täsirinden goranyp biler. Geliň, “altyn dokuzlyga” giren käbir iýmit önümleriniň adam bedenine edýän täsiri bilen tanşalyň. Bahar aýynyň gelmegi bilen adam bedeniniň witaminli, minerallary saklaýan önümlere talaby has-da artýar. Şonuň üçin köp adamlarda witamin we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli dowamly keselleriň gozgamagy mümkin. Ýaşaýan we işleýän ýerine baglylykda adam bedeniniň iýmit önümlerine bolan talap edijiligi dürlüdir. Adam iýýän iýmitine baglylykda, ýokanç kesellerden we daşky gurşawyň täsirinden goranyp biler. Geliň, “altyn dokuzlyga” giren käbir iýmit önümleriniň adam bedenine edýän täsiri bilen tanşalyň.

Ileri tutulýan ugur

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde “Saglygym — baş baýlygym” diýen jümlelere eýerilip, halkymyzyň saglygy ugrunda giňden aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamynda uly ösüşler, özgerişler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramakda, berkitmekde düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetde giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, bedenterbiýe, sport saglygyň sakasy hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy barada düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.

Täsin agaç

Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygynyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir diýip, lukman Arkadagymyz bu jümleleri özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki kitabynda belläp geçýär. Hawa, Gahryman Arkadagymyz mamla. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi özüniň iňňän uly baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişdesi bolup hyzmat eden bolsa, ýene biri iýmek üçin, beýleki biri boýag üçin, ýene biri bolsa zenanlaryň gözel görküni has-da gözelleşdirmekde meşhurlyga eýe bolupdy. Ine, şeýle meşhurlyga eýe bolan, adamzada dört müň ýyldan bäri belli bolup gelýän ösümlikleriň biri-de eýran meliýasydyr.

Sport syýasatynyň gadamlary

Türgenleriň hatary artýar Ynsan saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meselä öwrüldi. Arkadag Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy ýokary derejelere çykarmak bilen bagly tutumly işlere badalga berdi. Muňa Garaşsyz Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berlen stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Ideg işi gerim alýar

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ak ekine ideg etmek işleri gyzgalaňly ýagdaýa eýe bolýar. Ak ekin ussatlary toprakdan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem 1300 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýärler. Hojalygyň kärendeçileri meýdany bezäp oturan, iki ýana ygşyldaýan bugdaý maýsalaryny iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Jogapkärli günler başlandy

Oba hojalygynda ekerançydyr maldarlar üçin ýylyň hemme paslam jogapkärli. Emma pagtaçy kärendeçiler üçin ýaz ekişiniň günleri ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy belli bir derejede ýaz ekişiniň gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Şonuň üçinem pagtaçy kärendeçiler döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdan satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli traktorlardyr oba hojalyk gurallaryndan netijeli peýdalanýarlar. Gowaça ekişine ak pata berilmegi bilen bu agrotehniki işi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen etrabymyzda-da ýaz ekişi giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 6800 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu möhüm iş etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu möhüm işden TDP-niň etrap komitetiniň işgärlerem çetde durmaýarlar.

Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garagum çölünde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylyşa girizilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Bu köl şor suwlaryň ýygnanyp, ekerançylyk ýerleriniň giňemegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň ekologiki ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmen halky hemişe suwa sarpa goýupdyr. Suwy keramat hökmünde görüp, akar suwa salam beripdir. Suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmegi hem ýöne ýere däldir. Ol tebigatda we adamyň durmuşynda juda ähmiýetli bolup, ýaşaýşymyzy bezeýär. «Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz rehnet», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer çölli», «Suw hasylyň enesidir», «Suw her zady päklär» diýlişi ýaly, suw durmuşymyzyň özeni bolup durýar. Ata-babalarymyz ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolup, Onuň üçin bolsa suw ilkinji nobatda gerek bolupdyr. Olar guýulary, kärizleri gazyp, suw çykaryp, kak suwlaryny ýygnap, gün-güzeranlaryny görüpdirler. Kesewiňi dürtseň gögerýän türkmen topragynda geçmişde suwa eşrepi ýaly garapdyrlar.

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň wideoşekilli mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek kararyna gelendigini aýan etdi. Şeýlelik bilen milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça bimöçber işleri alyp barýan mähriban Arkadagymyz türkmen halkynyň adamkärçilik, ejizi goldamak ynsanperwerlik ýaly gymmatly milli häsiýetlerini ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy.

Döredeijilik bäsleşigi

Bagtyýar geljegi nazarlap, ak ýollardan bagta sary barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna batly gadamlar bilen barýarys. Çünki, bu baýram halkyň erk-isleginiň, bagtyýarlygynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Golaýda welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirligi, welaýat halk döredijilik merkezi bilen bilelikde “Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şahyrlar” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi welaýat halk döredijiligi merkeziniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annaoraz Hojamyradow açdy we şahyrlara üstünlik arzuw etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Şanly senä bagyşlanyldy TMÝG-niň Mary şäher geňeşi Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçylary bilen bilelikde şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk duşuşygyny gurady. Duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçylary Baýramgeldi Şyhymberow, Myratgeldi Şukurow baýramçylyk gutlaglary bilen buýsançly çykyş etdiler.

Iň arassa şäher, etrap, şäherçe, oba

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli taraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde ýurdumyz jenneti mekana, raýatlaryň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýurduna öwrülýär. Adamlaryň rahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary bolan nusgalyk şäherçeler, döwrebap obalar, ýaşaýyş jaýlary, saglyk, bejeriş we dikeldiş merkezleri, medeniýetli dynç almaklary üçin medeniýet merkezleri, seýilgähler, söwda, suw çüwdürimleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzyň şäherleridir obalary günsaýyn gözelleşýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Bu geçirilýän işler bagtyýar raýatlarymyzyň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza buýsançlaryny artdyrýar. 2021-nji ýyl Arkadag Prezidentimiziň teklibi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu ýyl bagtyýar türkmen halkymyz üçin aýratyn buýsandyryjy ýyllaryň biri. Çünki, bu ýyl Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň ähli ilaty bu şanly senäni uly üstünliklere beslemek üçin taýýarlyk görýär.