"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Çynlakaý alada ýerine düşýär

Köpasyrlyk geçmişi şan-şöhrata beslenip, geljegi abadan türkmen ili Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar ertiriniň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, il-günümiziň ýaşaýyş--durmuş derejesi düýpli özgerýär. Il-günümiziň abadançylygyna, bolelinlikde ýaşamagyna, zähmet adamsy hakdaky alada gönükdirilen tagallalar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär. Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasy işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly degerli işleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda kärhanamyzda bu meseleleriň oňyn çözgüdinde netijeli çäreler geçirildi we geçirilýär. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak hemişe derwaýys wezipe bolup durýar. Şonuň üçinem bu mesele babatda işgärleriň arasynda gözükdirmeler we düşündiriş çäreleri yzygiderli ýola goýulýar. Şeýle hem kärhanamyzda tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň gyşarnyksyz we berk berjaý edilmegini gazanmak wajyp wezipedir. Şeýle zerurlykdan ugur alyp, gürrüňi edilýän meseläni hemişe üns merkezinde saklaýarys. Şeýle hem kärdeşler arkalaşygy guramamyz işgärlerimizi ýörite egin-eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edýär. Işgärlerimiziň howpsuz we öndürijilikli zähmet çekmekleri ugrunda yzygiderli aladalanýarys. Şeýle tagallalarymyzam ýerine düşýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Toýlara beslenýän diýarym Gahryman Arkadagymyzyň makullamagy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyly uly ýeňişlere, taryhy wakalara besleýän il-günümiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýar geljege barýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ösüşleri 30 ýyl mundan ozal gazanylan Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alyp gaýdýar. Garaşsyzlygyň ak ýoluna düşen özbaşdak, özygtyýarly ýurdumyz adamzat taryhy üçin gysga wagtda uly ösüşlere eýe boldy.

Parahatçylygyň watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ýylsaýyn gülläp ösýär. Ähli ulgamlarda uly sepgitlere eýe bolunýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, halkara giňişligindäki tutýan orny uludyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy bilen, ýurdumyzyň gadamlary has-da batlandy. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde belent sepgitlere ýetdi. Halkymyzyň isleg-arzuwlary hasyl bolup, parahatçylygy, asudalygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak boýunça uly ösüş-özgerişler amala aşyrylýar. Parahat ýurdumyzda yhlas bilen zähmet çekýän, ýurduň pajarlap ösmeginde irginsiz aladalanýan türkmen halky beýleki döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny ýylsaýyn artdyrýar.

Watana bolan söýgi çäksizdir

Hormatly Prezidentimiziň “Ata Watan aman bolsa, reňki- -roýuň saman bolmaz” diýen pähimli sözleri ýürekleri heýjana getirýär. Watan bu ynsanyň göbek ganynyň daman ýeridir, ilkinji gözüniň gören mesgeni, dogduk mekanydyr. Türkmen halky Watanyny ar-namysyna deňäp, bu topragyň her goşawuç ýerini jany-teni bilen söýýän halkdyr. Watany söýmek, Watana wepaly bolmak bu türkmen halkynyň ruhuna siňen gylyk-häsiýetleriniň biridir. Gerek ýerinde, Watan üçin öz şirin janyny gurban eden şahsyýetler sanardan örän köpdür. Biziň halkymyz ata-babalarymyzdan galan adalatlylyk ýörelgesini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, beýik ruhy we maddy medeniýetini, demokratik ýörelgelerini giňden goldaýar we ösdürýär. Çünki, türkmen taryhda milliligi bilen özüni dünýä tanadandyr.

Ussatlaryň ussady

Kemaleddin Begzada hakynda söhbet Türkmen soltanlarynyň gönüden-göni howandarlyk etmeginde sungat ussatlary suratkeşligiň kämillik mekdepleriniň birnäçesini döretmegi başarypdyrlar. Şolaryň iň kämili türkmen suratkeşleriniň Töwriz mekdebi hasaplanylýar. Sungaty öwreniji alymlaryň pikirine görä, Töwriz mekdebi öz gözbaşyny XIII-XIV asyrlardan alyp gaýdýar. Bu mekdepde garagoýunly we akgoýunly türkmenleriň döwründe hem kämil sungat eserleri döredilipdir. Bu mekdebiň döredijiligine Hyrat mekdebiniň belli bir derejede täsir edenligini görmek bolýar.

Şygryýet bossanynda

Annageldi Källiýew döredijilik işi bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol goşgularynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp ösüşlerini suratlandyrmaga çalyşýar, ynsan aragatnaşyklarynyň inçeliklerini yzarlamaga synanyşýar. Onuň üç sany goşgular ýygyndysy okyjylara gowuşdy. Ol Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesidir, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisidir.

Asudalygyň goragynda

Raýatlyk buýsanjynyň jogapkärçiligi Ajap eýýamymyzyň ösüş-özgerişli ýyllary taryhy wakalaryň zamanasy bolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da bu ýörelge rowaç alýar. Şeýle ajap eýýamymyzda halkymyzyň asuda, rahat, abadan durmuşynyň goralmagyny gazanmak wajyp wezipeligine galýar. Sebäbi asuda durmuş döredijilikli zähmet çekilmegine we eşretli günleriň hözirini görmäge mümkinçilik berýär.

Käriz

Durmuş tejribesi ýetik ata-babalarymyz tebigatymyzyň ýerasty hem-de ýerüsti baýlyklaryna aýawly çemeleşipdirler. Öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan tebigy baýlyklary tebigy görnüşde hereket edişi ýaly ulanmaklygyň hötdesinden gelipdirler. Dag göwsündäki ýerasty suwlary azaply hem bolsa ýerüstüne çykaryp durmuş hajatlary üçin peýdalanypdyrlar. Ata-babalarymyzyň öz döwri, geljek nesil üçinem gazan kärizleri häzirki wagtda-da il-günümize öz bol suwuny eçilip dur.

Şygyrlar

Dutar Näme beýle zaryn-zaryn iňleýäň,

Haýwanlar baradaky tymsallardan

Gowursa-da, gowurýar welin... — Aý, kowumdaş! Gün-güzeranyň nägeňsi? Bir kada-ýakulrak bardyr-a? Ýa, çopan taýak bilen seňrigiňe kakjak bolup durlarmy?

Maslahaty alsaňyz...

Tozan bölejikleriniň mukdarynyň adatdan daşary ýokarlanmagy netijesinde, onuň adam bedenine oňaýsyz täsir etmeginiň öňüni almakda öý şertlerinde melhem taýýarlap hem ulanyp bolaýjak peýdaly maslahatlary gazetde çap etmegi makul bildik. Zygyr (lýon) dänejiklerini edil çigit gowrulyşy ýaly, oňat gowurmaly. Sowadyp, ony toz bolýança döwmeli. Taýýar edilen 1 çaý çemçe toza sähelçe burç garmaly we şol mukdardaky arassa ary baly bilen garyp, günde 2-3 ýola dümewiň we sowuklamalaryň dowam edýän döwründe ýa-da özüňde şol dertleriň alamatlarynyň ýüze çykan halatlarynda peýdalanmaly.

Gatyr, hajyr, üňňüş...

Ulanyşdan galan käbir sözlere düşündiriş bermek maksady mende köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” gazeti bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan halypa mugallym, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Ata Akbäbäýewiň “Ýaş mugallymlara maslahatlaryny” höwes bilen okap otyrkam döredi. Ýaş mugallymlara halypa sapaklary bolup hyzmat edýän şol maslahatlarynda: “Ulanyşdan galaňkyrlan, ýitip barýan sözler hem (üňňüş, hüňňüş, gatyr, hajyr, gowdy, owdy...) mugallymyň üns merkezinde bolmalydyr” diýen sözleri okanymdan soň, ýandepderçäme ýapyşdym. Ylymda «arhaizm» diýip atladyrylýan köne sözler ulgamyna degişli şeýle sözler gabat gelse, olary ýandepderçäme belläp almak endigim bolansoň, halypa mugallymyň ýazgylarynda mysal getiren sözleri biygtyýar ýadyma düşdi. Üňňüş, hüňňüş diýen sözler möjekler bilen baglanyşykly bolup, enesi it, atasy möjege — üňňüş, onuň tersine enesi möjek, atasy ite bolsa hüňňüş diýilýär. Aýdylyşyna görä, üňňüş gaty hüşgär bolup, çala şygyrdy eşitse üşerlip duran, adama-da örän haýal öwrenişýän haýwandyr. Gatyr, hajyr diýen sözler bolsa, toýnaklylar bilen baglanyşykly. Enesi baýtal, atasy eşekden önelgä — gatyr, enesi eşek, atasy atdan önelgä bolsa, hajyr diýilýär. Gatyrdyr hajyrdan soňra önelge önmeýär diýlip, ylmy çeşmelerde bellenilýär.

Rowaýat

Halynyň gelip çykyşy Gadym zamanlarda uzyn saçly, derek boýly owadan, asylly bir gyz her gün belli bir wagtda eli küýzeli suwa geçer eken. Ony gören hanyň gyza syny oturypdyr. Han gyzyň kimiň maşgalasydygyny, ýaşaýan ýerini, onuň ýakynlaryny bilip gelmeklerini buýrup, nökerlerini ugradýar. Olar gyzyň diňe garry ene-atasynyň bardygyny, başga hiç hili hossarynyň ýokdugyny, olaryň garypja çatmada mydar edýändiklerini hana ýetirýärler. Han gyzy getirmeklerini buýurýar. Gyzy hanyň huzuryna getirýärler. Han gyza ony halandygyny, ony öz maşgalasy edip almakçydygyny aýdýar.

Hekaýat

Alkyş Ybraýym ýarlykly garypdy. Üstesine onuň gözleri sokur kördi. Ýöne onuň kalby päkizedi, sahydy. Adamlara hemişe hoş hem ýakymly sözleri aýdardy. Onuň alkyşlary häli-häzire çenli ony diňlän adamlaryň gulaklarynda ýaňlanyp dur:

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, ak ekinlere ideg edilişi, pile möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Zähmet çekmek — bagta ýetmek

Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemläp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Hojalygyň kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlanlaryndan soň, täze hasylyň aladasy bilen boldular. Olar meýdany çöplerden arassalap, sürüm, tekizleşik, tagt suwuny tutmak, geriş çekmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirip, 2021-nji ýylyň ekiş möwsümine irgözinden taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, 1905 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmäge girişdiler. Şu günler hem meýdanda ekiş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Gowaçanyň, esasanam, «Ýolöten-7» görnüşi ekilýär. Hojalykda 526 gektar ýere tohumlyk gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Şan-şöhraty dünýä dolan Aşgabat

Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylda gözel paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilip, onuň ştab-kwartirasy edilip, Aşgabat bellenildi.

Uly alada edilýär

Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken bu Karary ýaşlaryň göwünlerini has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyz ertirki gün Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmeli ýaşlar barada ýadawsyz aladalanýar. Biz, ýaşlaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, edepli-ekramly, ylymly-bilimli bolup ýetişmegimiz üçin uly aladalary edýär. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ajap eýýamyň şanly ýyly

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda ata Watanymyz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmakdaky gadamlary ýylsaýyn batlanýar. Milli Liderimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde il-günümiz parahatçylykly, abadan durmuşyň hözirini görýär. Türkmen döwletimiziň halkara abraýy arşa çykýar. Şu ösüşli depgin döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da rowaç alýar. Bu ýylyň sözüň doly manysynda şanly ýyl boljakdygy guwandyrýar. Sebäbi, indi uly toýuna ykjam taýýarlyk görülýän ak mermerli şäher hökmünde at-owazasy dünýä dolan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy barha golaý gelýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýene bir taryhy wakasy bolsa, Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramydyr. Bu taryhy sene şöhratly geçmişli, ertiri abadan ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwletli döwranymyzyň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durup, ýagşy ertirimize şöhlesini saçýar.

Dabaraly maslahat

Golaýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanada welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we TAP-nyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de TAP-nyň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany Tawus Ataballyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmenleri Bahar Kakalyýewa, Ogulşirin Seýidowa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Ogulnabat Agajanowa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Dünýägözel Hojambaýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.