"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täze desga ulanylmaga berildi

Baýramçylyk sowgady boldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmak adam hakynda edilýän aladanyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaşaýjylaryň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Täze ýylyň bosagasynda

Bazar bolçulygy — toý saçagynyň bezegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Şeýle ajaýyp şanly seneleriň biri hem giňden bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramçylygydyr. Şu günler gözel Diýarymyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bazarlarymyzda, döwlet we hususy eýeçiligindäki dükanlarda haryt bolçulygynyň döredilmegi toý saçaklarymyzyň göwnejaý bezelmegine mümkinçilik berýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Ösüşli geljegimiziň özeni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr.

Taryhy wakalaryň ýyly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tamamlanyp barýar. Şanly ýyl mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Medeni mirasyň mizemez merjeni Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan gözbaş alnyp bu ýylyň ady hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýylda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaralanýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, beýik şahsyýetlerine hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksadymyz — ýaşlaryň sowatlylygy Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edilýär. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sowatly, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Döwür. Çaga. Terbiýe.

Mähirli alada Güneşli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesil hakyndaky alada çagalar bagyndan başlanyp, bu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap çagalar baglarynda körpe nesliň bilim-terbiýe alyp, ajap eýýamymyzyň mynasyp ýaşlary bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagallalar abadan geljegimize gönükdirilendir.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik ösüşleriň rowaçlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny döredijilikli zähmeti bilen dabaralandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurýar we döredýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän parasatly içeri we daşary syýasaty rowaçlanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Raýat jemgyýetimiziň ösüş-özgerişleriniň bady artýar.

Pyýadalaryň howpsuzlygynyň jogapkärçiligi

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolup, maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak derwaýyslygyna galýar. Şu möhüm meseläni ýurt Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklap, bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Köçe- -ýol hereketiniň howpsuzlygynda pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak wajyp wezipeleriň biridir. Bu meseläniň oňyn çözgüdi bolsa, sürüjiler bilen pyýadalaryň özara sazlaşykly hereketlerine baglydyr. Sazlaşykly hereketler diýýänimiz sürüjileriňem, pyýadalaryňam Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen talaplary berk berjaý etmelidiklerini aňladýar. Bilşimiz ýaly, pyýadalaryň howpsuzlygy jogapkärli wezipe bolup, onuň bähbitli çözgüdi pyýadalar bilen deň derejede sürüjilere-de baglydyr. Şonuň üçinem pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen degerli çäreleri geçirýäris.

Täze ýyl gijesi

Gijäniň çuňlugna çümdi töwerek, Aýdym sesi, gülki sesi kesildi.

Giňdir dünýä, geňdir dünýä

DAŞARY ÝURTLARDA TÄZE ÝYLY ŞEÝLE GARŞYLAÝARLAR Gawanada ýaşaýan adamlar Täze ýyl agşamy küýzä suw guýup ýarygijä çenli goýýarlar. Soňra sagat 12-de ýyl çalşansoň suwy ýere dökýärler.

Hemra wäşiniň Täze ýyl degişmeleri

GYSYMLAP GÖRÄÝ! Goňşusy ussa Şamyrat Hemradan:

Halkyň hazynasyndan

Ömür ölçegi, heňňam hasaby Çopanlar hakynda aýdylýan sözüň hakdygyna çölde mal yzynda gezýärkäk göz ýetirdik. Şol sapar uly il-ä Täze ýyly belläp, dynç alýardy. Biz bolsa adaty günlerdäki ýaly işläp, agşam naharyna çöküpdik. Ýanaw çopan ikimiz bu güni saçak bezäp geçirmeýänimize gynanyp, baş çopana içýakgyç soraglary ýagdyrdyk: “Öňki adamlar gazet-žurnal, radio-telewizor ýok wagty aý-gün hasabyny nädip ýöretdi-kä? Nädip baýram bellediler-kä?”.

Sport. Sport. Sport.

Küşt älemindäki şowly ädimler Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanyp, döwlet hem-de halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmagy asylly däbe öwrüldi. Kiçilikden sportuň küşt görnüşi boýunça meşgullanýan, dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýan zehinli çagalaryň biri-de Anna Çaryýewadyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda wirusly ýiti respirator kesellerinden goranmaly.

“01” gullugynda

HIMIÝA ÖNÜMLERINIŇ ÝANGYN HOWPSUZLYGY Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Sakarçäge etrap ÝHB-niň Döwletli zaman şäherçesiniň ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Emir AMANOW bilen duşuşyp, himiýa önümleri ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Möhüm meselelere seredildi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Bildirişler

Sakarçäge etrabyndaky 1-nji orta mekdepden orta bilim hakynda Batyr Orazberdiýewiç Orazowa berlen A № 0894072 şahadatnamany ýitendigi sebäpli güýçsüz hasap etmeli. ***

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.