"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Gahryman Arkadagymyzy hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

S.G.ÝOLAMANOW hakynda Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Jeýhun Kakageldiýewiç Saparowyň adyna resmileşdirilen A-0919732 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;

Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Garaşsyz Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanan aýdymlar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary — halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň dabaralanmasy

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşyny, Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenmegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Gadyrly ýaşlar!

Resmi habar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat bölüminiň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Abadan ýollarda ýolumyz rowaç Etrapdaky 8-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.