Täze ýyl. Täze şäher. Täze jaý
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi döwrebap öýleriň açaryny alyp, jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň giň, ýagty öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bilen nygtadylar.