Sungat mekdebindäki baýramçylyk konserti

1 gün öň
38

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen konsert Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi. Konsertiň başynda çykyş eden halypalar zala ýygnanan talyplary we mugallymlary ýetip gelýän Täze — 2025-njy ýyl mynasybetli gutlap, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Owadan sahnany sungat mekdebiniň talyplarynyň çykyşlary bezedi. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary türkmen sungatyny geljekde has-da ösdürjek hünärmenleriň kemala gelýändigini dabaralandyrdy. Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Rejep Rejebowyň, Aşyr Kulyýewiň döreden sazlarynyň talyp ýaşlar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi baýramçylyk konsertiniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu konsert ýakymly duýgulary döretdi.

Ahmet ÝAZMYRADOW,
Ahal welaýat sungat mekdebiniň Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy.