Suw üpjünçilik ulgamy kämilleşýär
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.